Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň wise prezidenti saýlaw kanuna weto goýýar


Yragyň sünni araplardan bolan wise prezidenti saýlaw kanunynyň bir bölegine weto goýmak bilen ýanwarda geçmeli umumy saýlawlary şübhe astyna saldy.

Wise prezident Tarek al-Haşemi saýlaw kanunyna tutuş weto goýmandygyny, eýsem onuň birinji maddasynyň daşary ýurtlardaky yraklylara adalatly bolmagyny isleýändigini aýdýar. Ol bu maddany düzetmegiň kän wagt almajagyny belleýär.

2003-nji ýyldan soňky mezhep söweşleri bilen bagly daşary ýurtlara gaçan yraklylaryň köpüsi sünni musulmanlaryr.

Parlamentiň bu meselä haçan seretjegi belli däl. Kürtleriň regional parlamenti hem 2-nji gün eger öz welaýatlaryna berilýän orunlaryň sany köpeldilmese, saýlawy boýkot etjeklerini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG