Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň we ABŞ-nyň prezidentleri gepleşik geçirdi


Hytaýyň we Birleşen Ştatlaryň prezidentleri Pekinde geçiren özara gepleşiklerinden soň, žurnalistleriň öňünde çykyş etdiler, 17-nji noýabr, 2009-njy ýyl.

Hytaýyň we Birleşen Ştatlaryň prezidentleri Pekinde geçiren özara gepleşiklerinden soň, žurnalistleriň öňünde çykyş etdiler, 17-nji noýabr, 2009-njy ýyl.

Düýn Hytaýyň we Birleşen Ştatlaryň prezidentleri Pekinde geçiren özara gepleşiklerinden soň, žurnalistleriň öňünde çykyş etdiler.

Hytaýyň prezidenti Hu Jintao bilen Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama düýn Pekinde geçiren özara gepleşikleriniň yzy bilen eden çykyşlarynda iki ýurduň arasynda pozitiw, arkalaşykly hem-de düýpli gatnaşyklaryň bolmagy ugrunda iş alyp barjakdyklaryny nygtadylar. Ýöne olar gelnen ylalaşyklar barada giňişleýin gürrüň etseler-de, özara gatnaşyklardaky bar bolan problemalar barada welin kän gürrüň etmediler.

Özara gepleşikleriň yzy bilen iki döwletiň liderleri žurnalistler üçin ýörite metbugat konferensiýasyny geçirdiler. Ýöne metbugat konferensiýasynda olar nämüçindir žurnalistler bilen sorag-jogap alyşmak welin islemediler.

Ýadro programmalary

Prezident Obama öz çykyşynda Eýranyň ýadro programmasy barada aýratyň durup geçip, bu programmanyň parahatçylykly hem-de aç-açan programmadygyny subut etmek üçin Tähranyň anyk ädimleri ätmelidigini aýtdy. Barak Obama bu meselede Birleşen Ştatlar bilen Hytaýyň umumy garaýyşlara eýerýändiklerini belledi.

Hytaýyň prezidenti öz çykyşynda Eýranyň ýadro programmasy barada ýiti garaýyşlary öňe sürüp durman, bu problemanyň dialoglar we gepleşikler arkaly çözülmelidigini bellemek bilen çäklendi.

Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasy baradaky meselede bolsa, Hytaýyň we Birleşen Ştatlaryň prezidentleri bu ugurdaky gepleşikleri gaýtadan dikeltmek ugrunda Phenýana basyş görkezmek barada umumy bir garaýşa eýerýändiklerini mälim etdiler.

Prezident Obama Pekinde geçirilen özara gepleşiklerde Pakistandaky we Owganystandaky ýagdaýlaryň hem geňeşilendigini aýtdy: «Prezident Hu bilen men Owganystanda we Pakistanda howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň bolmagy ugrundaky aladalarymyz barada-da pikir alyşdyk. Elbetde, bu ýurtlardan hiç biri-de terrorizmiň bazasy hökmünde ulanylmaly däldir. Biz şu maksat ugrundaky özara hyzmatdaşlyklarymyzy, şol sanda tutuş Günorta Aziýada has durnukly we parahatçylykly gatnaşyklaryň bolmagyny gazanmak ugrundaky hyzmatdaşlyklarymyzy ösdürmekligi karar etdik».

Klimatyň özgermegi

Hytaý bilen Birleşen Ştatlaryň liderleri Pekinde geçirilen bu metbugat konferensiýasynda klimatyň özgermegi bilen bagly mesele barada-da durup geçip, geljek aý bu mesele boýunça Kopengagende geçiriljek halkara konferensiýasynda düýpli ylalaşyklaryň bolmagyna umyt edýändiklerini bildirdiler.

Hytaýyň prezidenti Hu Jintao bu barada, hususan-da, şeýle diýdi: «Biz klimatyň özgermegi, energiýa we daşky sreda bilen bagly meseleler boýunça-da öz hyzmatdaşlyklarymyzy ösdürmegi ylalaşdyk. Şeýle hem biz bu ugurda Kopengagen konferensiýasyndan oňyn netijelere garaşýan beýleki taraplar bilen öz mümkinçiliklerimiziň çäklerinde iş alyp barmaklygy-da ylalaşdyk».

Barak Obama öz gezeginde klimatyň özgermegine garşy göreş çäresiniň kanuny taýdan hiç hili jogapkärçilige borçlandyrmaýandygyna garamazdan, bu ugurda gelinjek ylalaşygyň tizden-tiz netije berjek ylalaşyk bolmagyny isleýändigini aýtdy.

Barak Obama bilen Hu Jintao öz çykyşlarynda global ykdysadyýetiň gaýtadan ösüş ýoluna düşmegi üçin bilelikde tagalla etjekdiklerini hem nygtadylar. Ýöne Hytaýyň prezidentiniň ykdysady krizisden çykmak meselesinde käbir ýurtlaryň diňe öz bähbitlerini arap, proteksionistik syýasat ýöretmekligiň ýol berilmesizdigini nygtamagy, belli bir derejede Birleşen Ştatlaryň hem adyna aýdylan tankyt hökmünde kabul edildi.

Prezident Obama öz çykyşynda Tibet regiony bilen Pekiniň arasyndaky problemalara-da degip geçip, Pekiniň resmileri bilen Tibetiň bosgunlykdaky ruhy lideri Dalaý Lamanyň wekilleriniň arasyndaky dialogyň mümkin boldugyça tizden-tiz ýola goýulmagynyň zerurdygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG