Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ysraýylyň Gündogar Iýerusalymda jaý gurmak plany tankyt edilýär


Ak tamyň metbugat wekili Robert Gibbs

Ak tamyň metbugat wekili Robert Gibbs

Ysraýylyň jedelli Gündogar Iýerusalymda 900 sany täze ýaşaýyş jaýlaryny bina etmek baradaky planyny tassyklamagyny Waşington berk tankytlady.

Ak tamyň wekili Robert Gibbs 17-nji noýabrda eden çykyşynda Ysraýylyň bu kararyna Waşingtonyň alada bildirýändigini aýtdy. “Şeyle hereketler Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda parahatçylyk boýunça gepleşikleriň gaýtadan ýola goýulmagynda has köp kynçylyga alyp geler” diyip, Gibbs sözüne goşdy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun hem şeýle äheňde çykyş etdi. Ysraýylyň beýle kararynyň gynandyryjydygyny Mun 18-nji noýabrdaky çykyşynda mälim etdi. «Beýle karar iki tarapyň arasyndaky konfliktiň çözülmek meselesini şübhe astyna salýar» diýip, Mun sözüniň üstüni ýetirdi.

Palestina: “Gepleşikler başlamaz”

Palestinaly liderler bolsa Ysraýyl Iordan derýasynyň Günbatarynda ýaşaýyş jaýlary bina etmegi togtadýança gepleşikleriň gaýtadan başlanmajagyny aýdýarlar.

Gepleşikler boýunça palestinaly resmi Saeb Erekat 17-nji noýabrda Ammanda Fransiýanyň Daşary işler ministri Bernard Kuçner bilen bilelikdäki metbugat konferensiýasynda bu pozisiýany gaýtalady.

«Basylyp alnan Gündogar Iýerusalimiň Gilo diýen ýerinde 900 sany täze ýaşaýyş jaý bina etmek baradaky Ysraýyl hökümetiniň kararyny biz ýazgarýarys. Soňky rezelýusiýany kabul etmek üçin ýola goýuljak gepleşiklere beýle karar öz täsirini ýetirýär we iki döwletiň saýlap biljek çäresini puja çykarar. Gepleşikleriň alnyp barylmagynda araçylyk edýän dörtlükden biri bolan jenap Kuçnerden we beýleki agza Ýewropa döwletlerinden ýaşaýyş jaý gurmak baradaky kararyny togatmagyny Ysraýyl hökümetinden haýyş etmegini soraýarys» diýip Erekat aýtdy.

Kuçner taraplary gepleşikleriň gaýtadan başlanmagyna gyssagly çagyrdy.

17-nji noýabrda Ysraýylyň Içeri işler ministrligi täze binalaryň gurulmagyna ýol açylýandygyny yglan edenden birnäçe sagat soňra tankytlar başlandy.

Ysraýyl planyny goraýar

Ysraýyl öz planyny gorap, Gündogar Iýerusalimde bina ediljek öyleriň öňe sürülýän ýaşaýyş jaýlaryna dahyly ýok diýýär.

Premýer-ministr Benýamin Netenýahunyň edarasynyň ýaýradan beýannamasynda Gilonyň töwereginiň Iýerusalimiň bir bölegidigi öňe sürülýär. Ysraýyl şonuň ýaly-da 1967-nji ýyldaky urşdan soňra özüne birikdirilen bütin Iýerusalimiň, şol sanda Gündogar Iýerusalimiň-da Ysraýylyňkydygyny aýdýar. Gündogar Iýerusalim we onuň töwereginde häzir 180.000 çemesi ysraýylly ýaşaýar.

Öz gezeginde Palestina Gündogar Iýerusalimiň guruljak garaşsyz Palestin döwletiniň paýtagty bolmalydygyny we ol ýerde ýewreýler üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagyny düýbünden ýazgarýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG