Sepleriň elýeterliligi

Ýurduň býujet strukturalaryna gelen soňky görkezme edara ýolbaşçylaryny otdan alyp, suwa oklady. Görkezme çöp döwlen ýaly. «Eger-de ýolbaşçy adamlaryň ýakyn dogan-garyndaşlary bir sistemada işleýän bolsa, onda olar bir aýyň dowamynda arzasyny ýazyp işden gitmeli».

Bu mesele gaty oýlandyrýar. Ýüzleý seredeniňde Ministrler kabinetinden gelen buýruk adalatly ýaly. Muňa «Bolaýypdyr. Ýolbaşçylar öz ilen-çalanlaryny ýanlaryna işe alyp, edenlerini edýärler. Ahyry olara «haý» diýenem tapylypdyr-ow» diýjeklerem kän.

Meseläniň çöwre ýüzi

Ýöne meseläniň çöwre ýüzem bar. Mysal üçin, aýdalyň, ökde ýaş lukmany hassahanalaryň birine ýolbaşçy edip goýýarlar. Çözgüt dogry. Ýaşlary ösdürmeli. Olary has ulurak wezipelere irgözinden taýýarlamaly. Emma duýman durkaň başga bir mesele keserip galýar. Ýaňky ýolbaşçy edilip bellenen ýaş lukmanyň kakasy-da medisina ulgamynda otuz-kyrk ýyl işlän adam. Käriniň ussady. Ýaşlaryň halypasy.

Ministrler kabinetinden ýaýradylan görkezmeden ugur alsaň, ýaşuly lukman işden gidäýmeli. Näme üçin? Sebäbi ogly hassahananyň ýolbaşçysy. Ýakyn garyndaşlara diňe bir edarada däl, eýsem asla şoňa degişli sistemada işlemek gadagan.

Şeýle mysallary näçe getirseň, getirip oturmaly. Sen mekdep direktorymyň - onda bilim ulgamynda işleýän hossarlaryň barysy işden gidibermeli. Hökümet tarapyndan ýaýradylan buýruk şeýle.

Türkmenlerde «Ata kesbi - ogla halal» diýen nakyl bar. Gadymdan bäri atalar öz kesbi-kärini öz çagalaryna ýumruk ýalylygyndan öwredip gelipdir. Şeýdibem, kär ýitip gitmän, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ynha, indi welin, şol gadymky nakyly «Ata kesbi - ogla haram» diýip üýtgedäýmekden başga alaç ýok.

Elbetde, şeýle oýlanyşyksyz ýowuz buýruk tötänden döränok. Edaralaryň, kärhanalaryň, ministrliklkriň aýry-aýry ýolbaşçylary wezipelerinden peýdalanyp, öz dogan-garyndaşlaryny işe alýarlar. Wagty bilen olaryň towugyna «tok» diýilmänsoň, käbir ýolbaşçylar bu meselede hasam ýakasyny tanatdylar.

Döwlet edarasyny “hususylaşdyryş”

Türkmenistanyň Metbugat Merkeziniň direktoryny alyp göreliň. Onuň bir ogly Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygynyň kömekçisi, ýene bir oglam şol neşirýatda, üçünji ogly Metbugat Merkeziniň kotelnýasynda, bir gyzy Metbugat merkeziniň sehleriniň birinde işleýär. Ol daşkynrak hossarlarynyň ençemesini-de öz ýolbaşçylyk edýän Metbugat merkezine ýerleşdirdi. Munuň özi döwlet edarasyny hususylaşdyrmaga çalyşmak diýen ýaly bir zadam bolýar.

Ýa bolmasa, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň ozalky başlygyny mysal hökmünde ýatlap geçeliň. Ol ýolbaşçy mahaly öz ulgamyna degişli redaksiýalara ýakyn garyndaşlaryny işe ýerleşdirdi. Hatda iki sanysyny tam süpüriji edibem goýdy. Muny geň görmäň! Türkmenistanda tam süpürijiligi tapmagam ullakan hyllalla.

Şu getiren iki mysalymyzyň ýumagyny çözläberýärsiň welin, gülkünç ýagdaý emele gelýär. Türkmenistanyň Metbugat Merkeziniň direktorynyň garyndaşlary işden gidäýmeli. Bu babatda hiç hili gürrüň bolup bilmez. Onda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň ozalky başlygynyň garyndaşlary näme etmeli?

Ýa-da başda ýolbaşçy bolup, banklary öz hossarlaryndan dolduryp, pensiýa giden ýolbaşçylaryň hossarlary hakda-da şeýle sowaly berip bileris. Elbetde, olar işläbermeli. Sebäbi Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň ozalky başlygam, banklardan pensiýa giden ýolbaşçylaram indi pensiýada. Ministrler Kabinetiniň täze ýaýradan buýrugynyň pensiýa giden ýolbaşçylaryň hossarlaryny işden kowmaga güýji ýetenok. Şuňa meňzeş mysallary ähli strukturalar boýunça näçe getirseň, getirip oturmaly.

Ministrler kabinetiniň şunuň ýaly çäklendirmesiniň käbir ýolbaşçylaryň eden-etdiliginiň garşysyna gönükdirilendigi görnüp dur. Arman, meselä düýpli çemeleşilmändir. «Gaş bejeriljek bolnup, göz çykarylypdyr». Munuň şeýle bolmagyny ýurduň ýokary eşelonynda oýlanyp bilýän, akylly-başly netije çykaryp bilýän, pähim-paýhasly, masştablaýyn pikirlenip bilýän ýolbaşçy kadrlaryň juda azlyk edýändigi bilen düşündirip bolar. Soňuny saýman gadagançylyk girizmekden aňsat zat ýok. Ýöne onuň çylşyrymly netijelere, kanuny nägileliklere alyp barjagyny öňünden görmeli ahyry!

Näme üçin her kim özüniňkini süýreýär?

Aslynda näme üçin ýolbaşçylar ýakyn garyndaşlaryny öz ýanlaryna çekýärler? Bu zatlar näme, şunça ýyllap bilinmän gezildimikä? Bilindi. Onda-da aňyrsy bilen bilindi. Hasap soramaly adamlar ýüz gördüler. Eden-etdilik ýetjek derejesine ýetensoňam, şeýle gülkünç, şeýle emelsiz, şeýle ýüzleý gadagançylyk oýlanyp tapyldy.

Ýokarda oturanlar wezipeli ýolbaşçylaryň şeýle urdumşalygynyň aňyrsyna düýpli göz ýetirmek islemediler, kelle agyrtmak islemediler. Çünki bu zatlaryň aňyrsynda ýurtdaky gün-günden ösýän işsizlik ýatyr. Meseläniň esasy tarapy bolsa hiç kimi gyzyklandyrmady. Ana, onsoň her bir ýolbaşçy öz kürsüsinde «Elimiň egrisi - özüme» etdi. Prokuraturalar prokurorlaryň hossarlaryndan doldy, banklar bank ýolbaşçylarynyň dogan-garyndaşlaryndan, häkimlikler häkimleriň…

Ministrler Kabinetiniň bu täsin görkezmesinden soň lukmanlar, artistler, kompozitorlar, medeniýet işgärleri…oýurganyp başladylar. Çagalaryňa öz hünäriňi öwretmeli däl, olary öz hünäriňiň, öz käriňiň töwereginden eltmeli däl. Eger eltiläýse, ogul ýa-da ata bagty çöwüp, bir wezipejige bellenäýse, onda olaryň haýsy-da bolsa biri işden gidäýmeli. Ogul wezipe alsa, atasy işden gitmeli, ata wezipe alsa, ogul işden gitmeli. Häzirlikçe, «Ata kesbi - ogla halal» däl-de, «Ata kesbi ogla - haram».

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG