Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hamyt Kerzeýiň inagurasiýa dabarasy geçirilýär


Şu gün Owganystanyň paýtagty Kabulda prezident Hamyt Kerzeýiň döwlet lideri wezipesine ikilenji gezek saýlanmagy bilen baglanyşykly inagurasiýa dabarasy geçirilýär.

Berk gorag astynda geçiriljek bu kasam edişlik dabarasyna 800 töweregi adam, şol sanda daşary ýurtly diplomatlardan hem 300-e golaýy gatnaşar.

Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton we Pakistanyň prezidenti Asif Aly Zardari ýaly ýokary derejeli resmiler hem bolar. Türkmenistandan bu dabara ýurduň daşary işleri ministri Reşid Meredow gatnaşar.

Köp synçylar Hamyt Kerzeýiň täze hökümetiniň öňünde korrupsiýa, talyplara garşy göreş we işsizlik bilen baglanyşykly uly problemalaryň durandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG