Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň içeri işer ministrine berk käýinç berildi


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow ýurduň içeri işler ministri Isgender Müllikowa işinde goýberen düýpli kemçilikleri üçin berk käýinç yglan etdi.

Bu baradaky kararda jenap Müllikowa «Içeri işler bölümleriniň şahsy düzüminde düzgün-tertibi gowşadandygy, syýasy-terbiýeçilik işlerini pese düşürendigi, şeýle hem jenaýatçylyklar barada nätakyk maglumatlary berendigi üçin» şeýle käýinjin berilýändigi aýdylýar.

Prezidentiň kararynda Isgender Müllikowyň bu goýberilen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmedik halatynda, onuň ministrlik wezipesinden boşadyljakdygy bilen duýduryş hem berilýär.

Ýakynda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna gabatlap prezident Berdimuhammedow ýurduň içeri işler ministri Isgender Müllikowa döwletiň we halkyň öňünde «bitiren aýratyn hyzmatlary» üçin öňa milisiýanyň polkownigi çinini bermek barada karar çykarypdy.

Bu wakadan bir aý hem geçmänkä Isgender Müllikowa prezident tarapyndan berk käýinjiň yglan edilmegine käbir synçylar Türkmenistanda ýokary sylaglar we çinler barada adalatsyz kararlaryň çykarylýandygyny görkezýän fakt hökmünde baha berýärler.
XS
SM
MD
LG