Sepleriň elýeterliligi

"Häzirki ýagdaýlar çaklamany ýalana çykarýar"


Orsýetiň Strategiki Barlaglar Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Andreý Piantkowskiý.

Orsýetiň Strategiki Barlaglar Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Andreý Piantkowskiý.

Türkmenistan we Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklar hem-de postsowet giňişligindäki Orsýetiň täsiri, onuň sebäpleri barada Orsýetiň Strategiki Barlaglar Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Andreý Piantkowskiý bilen Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Eger “Nabukko” proýekti başa barsa, “Transkaspiý” turbasy işe girse, Türkmenistanyň Günbatar bilen gatnaşyklary gowulanar, şol gatnaşyklar nebit-gaza baý Türkmenistanda demokratik prosesleriň çaltlanmagyna itergi bolar, şu wagta çenli esasy partnýory Orsýet, ondan şu meselede Türkmenistana hiç hili goldaw ýok – diýen pikiri öňe sürýänler az däl. Siz bu barada näme diýersiňiz?

Andreý Piantkowskiý: Men türkmenistanly demokrat dostlaryma uly hyýalbentlikden saklanyň diýmek isleýärin. Muňa biziň Orsýetdäki tejribämizden göz ýetirmek mümkin. ABŞ bilen Orsýetiň ykdysady, nebit-gaz we beýleki ugurlar boýunça uly möçberde hyzmatdaşlygy bar. Orsýetdäki demokratik proseslere ABŞ-nyň täsiri barmy? Düýbünden ýok. Obamanyň administrasiýasynyň garaýşy şeýle: amerikan milli howpsuzlygynyň ýiti meseleleri Owganystan, Eýran, Merkezi Aziýadaky durnuklylyk. Şu meselelerde bize Putiniň goldawy gerek diýýärler. Orsýet, Medwedew diýenoklaram. Putinden real goldaw almak üçin onuň ýerine bir zat bermeli. Demokratiýa, adam hukuklary ýaly meseleleri gozgap, onuň gaharyny getirmek gerek däl. Onuň öz golasty özbaşdak demokratiýasy bar we ş.m.

Ondanam başga postsowet giňişliginde Orsýetiň öz artykmaçlygy bolmaly. Bar, şol zatlar Putiniňki bolsun, biz Owganystana ýük çekeli, Eýrana garşy sanksiýa girizeli, şol meselelerde Putin goldaw bersin – diýen pikir bar. Bu pikiri iki partiýa-da: demokratlaram, respublikaçylaram goldaýarlar.

Amerikanlary nebit-gaz, ykdysady bähbitler hem öz geosyýasy bähbitleri gyzyklandyrýar. Buşuň döwründe köp ýalňyşlyklar goýberildi, ýöne meniň pikirimçe, demokratiýany ilerletmek baradaky konsepsiýa pozitiw, oňyn iş boldy, köp sanly garşylyklara duçar bolsa-da, demokratiýany ilerletmäge synanyşyklar edildi, häzir welin, o zatlar galdy.

Azatlyk Radiosy: Orsýet bilen ABŞ-nyň arasynda barlyşyk nähili gurnalýar?

Andreý Piantkowskiý: Men Waşingtonda Gudzon institutynda dört ýyl işledim hem bir topar zady öz gözüm bilen gördüm. Kissenjer, Beýker dünýä derejesindäki syýasatçylar. Olar Moskwanyň lobbistleri. “Kissenjer Assoşeýted”, “Beýker konsalting” kompaniýalarynyň üsti bilen iş alyp barýarlar. Beýker “Rosneft”, “Gazprom” ýaly kompaniýalara konsultasiýalar berýär, Kissenjer Primakow bilen işleşýär. “Waşington post” her aýda uly bir makala çap edýär. “Prezident Nikson sentr” instituty bu ideýany ösdürýär. “Waldaý kluby” diýen institutam bar. Şol institutlar Orsýet boýunça uly ekspertlerden 10-15 sanysyny alýarlar-da, aýda bir gezek uçaryň birinji klasly ýerlerinde Moskwa getirýärler, olar üçin gowy gezelençler, Putin, Medwedew bilen duşuşyklary gurnaýarlar. Para berenoklar, ýöne beýle hormatdan soň olar Kremliň propagandistlerine öwrülýärler. Günbatar ekspertlerini öz tarapyňa çekmek işini öz wagtynda Stalin ýola goýupdy. Şeýlelikde Kreml Günbatar bilen gaty gowy özara düşünişýär.

Azatlyk Radiosy: Postsowet giňişligine Orsýetiň täsiri, onuň sebäpleri barasynda näme diýersiňiz?

Andreý Piantkowskiý: Belarusdan Türkmenistana çenli giňişlikde soňky ýyllar gatnaşyklar ýaramazlaşdy. Şol zolakda Orsýetiň artykmaç hukuklary bilen amerikanlaryň ylalaşmagy hiç bir halka ýarap duranok. Ol tebigy zat. Goňşyňyz öýňüze gelip, şu jaý meniň täsir zolagym diýse, kime ýarar? Bu zatlara gowy düşünýärler. Munuňam üstesine Türkmenistan bilen gatnaşykdaky meselelere Merkezi Aziýa-Sentr turbasynda harsal gurnalan prowakasiýany goşsak, liderler demokratik prinsipler barada biri-birine dil ýaryp bilmezler.

Azatlyk Radiosy: Şu ýerde ýene bir sorag: S.Nyýazow üç ýyl mundan öň tarpa-taýyn öldi. Onuň ýerini kimiň eýelejegi belli däldi. Birden häzirki prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň syýasy sahnasyna birinji adam bolup çykdy. Bu işde Berdimuhamedowy Moskwa goldady diýen pikirler şol wagt peýda bolupdy. Eger şeýle bolsa, Aşgabat bilen Moskwanyň gatnaşyklary düýpli bolaýjak ýaly!

Andreý Piantkowskiý: Häzirki ýagdaýlar onuň Moskwanyň goýan adamydygy baradaky çaklamany doly ýalana çykarýar. Moskwa bir zatlary öňünden bilendir diýseler, özüm-ä geň galardym. Türkmenistan şeýle bir ýapyk jemgyýet, ondan Orsýete informasiýa syzýan kanal bardyr öýtmeýärin. Günbatarda Orsýetiň ýörite gulluklarynyň, çekistleriniň aşa ukyplylygy barasynda çişirilen garaýyşlar bar. Ýönekeý mysallar, Ukrainada geçirilen prezident saýlawlarynda ýa-da Aleksandr Lukaşenko bilen gatnaşyklarda Moskwa nähili emelsiz ýalňyşlar goýberdi? Şonuň üçin Türkmenistanyň ikinji prepzidentiniň peýda bolmagy, edil günbatar ýurtlary üçin bolşy ýaly, Kreml üçinem garaşylmadyk ýagdaý boldy.

Azatlyk Radiosy: Siziň başda belleýşiňiz ýaly, eger Günbatar postsowet giňişliginde Orsýete artykmaçlyk beren bolsa, Moskwa türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmakda kömek berip bilermi?

Andreý Piantkowskiý: Näme üçin kömek bersin, eger Moskwadaky režim antidemokratik režim bolsa? Putinçilik Moskwa demokratiýanyň duşmany! Lukaşenko, Berdimuhamedow ýaly adamlar bilen gatnaşykda Moskwanyň diktatura ýa demokratiýany goramak, ýa şol ugurda göreş meselelerinde problemasy ýok, bu ýerde bir maksada gulluk edýän adamlaryň biznes problemasy bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG