Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyga çagyrýar


Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrligi.

Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrligi.

Türkmenistan şu hepdede ýene-de halkara kompaniýalary hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Aşgabatda 17-nji noýbarda “Türkmenistanyň nebit-gazy 2009” atly halkara sergisi we konferensiýasy açyldy. Sany boýunça bu 14-nji halkara çäresine dünýäniň 28 ýurdundan 160 kompaniýadan jemi 400-e golaý wekiliň gatnaşanlygy resmi maglumatlarda aýdyldy we Türkmenistana bolan şeýle ünsüň dünýäniň iri maýa goýujylary tarapyndan ýurda ynamdar partnýor hökmünde garalýanlygyny aňladýar diýip bellenildi.

“Ýurdumyzda ýylda geçirilýän we adaty häsiýete eýe bolan halkara sergisine we konferensiýasyna abraýly düzümli delegasiýalaryň gatnaşmagy Türkmenistanyň dünýäniň iň iri nebit-gaz döwletleriniň arasynda agramynyň bardygyny görkezýär” diýip, Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow aýtdy.

Halkara hyzmatdaşlygyna açyklygyny yglan edýän Türkmenistana halkara derejesinde uly gyzyklanma bildirilýän hem bolsa, bilermenler iş ýüzünde daşary ýurtly inwestorlar tarapyndan ýurda uly maýa goýumlarynyň ýatyrylmaýanlygyna ünsi çekýärler.

Maýa goýumlar näme üçin köpelmeýär?

GDA institutyndan Andreý Grozin munuň sebäbini şeýle düşündirýär: “Daşary ýurt maýa goýujylaryna kepilnamalaryň berilmeýänligi Türkmenistana barmak isleýän inwestorlaryň öňünde böwet bolýar. Sebäbi Türkmenistanda hatda Gazgystandaky ýa Özbegistandaky ýaly ujypsyz garantiýalar-da ýok. Töwekgelçilikli ýagdaýa baş goşmaga we Türkmenistandaky amatly şertler barada berilýän wadalara ynanmaga hiç kimde isleg ýok”.

Şol bir wagtda-da Türkmenistan bilen köp ýyl bäri üstünlikli hyzmatdaşlyk alyp barýan kompaniýalar hem bar. Olaryň arasynda Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasy 2006-njy ýyldan bäri türkmen tarapy bilen özara ylalaşyklara görä, Çelekende nebit önümçiligini yzygiderli artdyryp gelýär. 14 ýyl bäri Türkmenistan bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk alyp barýan kompaniýa bu partnýorlyga netijeli diýip baha berýär we Türkmenistanda soňky döwürde döredilen inwestision klimaty daşary ýurt kompaniýalary üçin amatly hasap edýänligini mälim edýär. Bu barada “Petronas Charigali” kompaniýasynyň müdiri Ridza Şarif “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetine aýtdy.

ABŞ-nyň iň iri energetika kompaniýalarynyň biri bolan “Chevronyň” hem Türkmenistan bilen işleşmek boýunça uly planlarynyň bardygy habar berildi. Kompaniýanyň planlarynyň türkmen tarapy bilen bilelikde uglewodorod resurslarynyň önümçiligine, turkmen spesialistlerini taýýarlamaklyga we öz maýa goýumlaryny ýurduň sosial infrastrukturasynyň ösüşine ýatyrmaklyga gönükdirilýänligini “Trend.az” internet saýty belledi.

Inwestision aktiwlik nämä bagly?

Şol bir wagtda-da inwestision aktiwligiň garaşylýanyndan pesdigini we gyzyklanma bildirýänleriň hakyky ädimleri ädýänlerden has köpdügini bilermenler belleýärler. “Eurasia Transition Group” toparynyň müdiri Mişael Laubş munuň sebäplerini Türkmenistandaky inwestision şertleriň kemçiliklerinde görýär.

“Günbatar kompaniýalary ýurda uly mukdarda maýa goýumlaryny ýatyrmaga henize çenli seresaply çemeleşýärler. Sebäbi olar korrupsiýa we parahorluk ýaly meseleler boýunça ýurtda ýeterlik çäre görülýänligine şübhelenýärler. Ýakynda “Transparency International” guramasy korrupsiýa we parahorluk meselesinde Türkmenistanyň potensial maýa goýujylar üçin dünýä derejesinde iň erbet ýagdaýly ýurtlaryň biridigini yglan etdi” diýip, M.Laubş aýtdy.

Türkmenistanyň daşary ýurtly inwestorlary çekmäge we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bildirýän isleginiň, umuman, pozitiw ädim bolup durýanlygyny Mişael Laubş belledi.

Zerur bolan şertler

G.Berdimuhamedow Aşgabatda nebit-gaz sergisiniň geçirilmegi bilen baglanyşykly eden çykyşynda Türkmenistanyň nebit-gaz ministrliginiň geçirýän halkara sergileridir-konferensiýalarynyň nebit-gaz önümçiligi boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän halkara kompaniýalary bilen diskussiýalara we özara bägbitli hyzmatdaşlyga amatly şertleri döredýänligini aýtdy. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurtda milli kanunlary halkara strandartlaryna laýyk getirmek boýunça halkara derejesinde dürli konsultasiýalar hem geçirilýär.

Emma Türkmenistanyň halkara inisiatiwalarynyň öňüne böwet bolýan esasy problemalaryň çözülmän galýanlygyny Mişael Laubş belledi: “Esasy mesele - döwlet resmileriniň arasyndaky korrupsiýa güýçlüligine galýar. Ýurduň hususy sektory hem ösmeýär. Mälim bolşuna görä, Türkmenistan bilen iş salyşmak üçin kompaniýalar döwlet ýolbaşçylaryna 20-30% möçberde para bermeli bolýarlar. Bu bolsa günbatar maýa goýujylary üçin kabul edip bolmajak ýagdaý. Üstesine Türkmenistanyň kanun sistemasynda açyk-aýdyňlygyň bolmagy zerur we ol halkara kanunlaryna laýyk getirilmeli”.

Mişael Laubş maýa goýujylary ilkinji nobatda öz maýa goýumlarynyň howpsuzlygyna göz ýetirmek isleýänligini, şeýle-de inwestision şertleriň gowulanmagy üçin daşary ýurtly maýa goýumlar boýunça ýörite kanunlaryň işlenilip düzülmeginiň-de zerurdygyny belledi.

GDA institutynyň Merkezi Aziýa boýunça analitigi Andreý Groziniň pikirine görä, Türkmenistanda daşary ýurtlularyň maýa goýumlaryna amatly şertleriň döräp başlamagy üçin türkmen ýolbaşçylarynda “bu ugurdan hyzmatdaşlygyň daşary ýurt maýadarlaryna däl-de ilkinji nobatda türkmen döwletiniň özüne gerekdigi barada düşünje döremeli”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG