Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Owganystana sapar edýär


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow Owganystanyň prezidenti Hamit Kerzeýiň kasam kabul edişlik dabarasyna gatnaşmak üçin 19-nji noýabrda Kabula bardy.

Bu barada Türkmenistan.ru internet metbugatynda habar berildi.

Daşary işler ministrligi tarapyndan ýaýradylan beýanata salgylanylyp çap edilen şol habarda, Meredowyň 20-nji noýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýan ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň Ýaltada geçiriljek ýygnagyna-da gatnaşjakdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG