Sepleriň elýeterliligi

Yragyň sudy Adel al-Maşhadanini ölüm jezasyna höküm etdi


Düýn Yragyň sudy ýurduň hökümet güýçleri bilen hyzmatdaşlyk alyp barýan sünni ýaragly toparynyň başlygy Adel al-Maşhadanini ölüm jezasyna höküm etdi. Yragyň sudy jenap al-Maşhadanini adam öldürmekde we adamlary ogurlamakda günäli tapdy.

Soňky birnäçe ýyl bäri Adel al-Maşhadaniniň ýolbaşçylygyndaky sünni ýaragly topary Yrakdaky Al-Kaýdanyň söweşijilerine garşy göreşde ýurduň hökümet güýçlerine we amerikan harby güýçlerine ýakyndan goldaw berip gelipdi.

Onuň ölüm jezasyna höküm edilmegine käbir sünni syýasatçylary şaýylaryň agdyklyk edýän hökümetiniň syýasy matlaplar esasynda gören adalatsyz çäresi hökmünde baha berdiler.


XS
SM
MD
LG