Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan korrupsiýada 168-nji orunda


Düýbi Berlinde ýerleşýän Korrupsiýa garşy göreşýän halkara "Transparency International" edarasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýolbaşçysy Mikloş Marşal Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda Türkmenistan korrupsiýa boýunça 180 ýurduň arasynda 168-nji orunda durýar diýdi.

Azatlyk Radiosy: Siziň Korrupsiýa baradaky täze raportyňyzda Türkmenistan hakynda nähili maglumatlar bar?


Mikloş Marşal
Mikloş Marşal:
Biziň guramamyz şu ýylky hasabatynda 80 ýurt barada maglumat berdi. Türkmenistan şol 180 döwletiň arasynda 168-nji orny eýeleýär we dünýäde iň korrumpirlenen ýurtlaryň biri hasaplanylýar.

Türkmenistanda ýagdaýlar üýtgemedi. Türkmenistanda korrupsiýa goňşy döwletlerdäkidenem ösen. Türkmenistanda bu problema diňe Çad, Sudan, Yrak, Owganystan we Somali ýaly döwletlerden gowurak diýse bolar. Täze häkimiýetleriň gelmegi bilen bu ugurda ýagdaýlar gowulanar diýip, umyt edipdik. Emma bu bolmady.

Azatlyk Radiosy: Siz türkmen häkimiýetleriniň bu problemanyň öňüni almagy üçin nähili çärelere garaşýardyňyz?

Mikloş Marşal: Biziň guramamyz türkmen häkimiýetleriniň uly şirketler bilen gatnaşyklary we olaryň söwdalary barada maglumat almak isleyär. Aslynda bular ýaly söwdalar barada maglumat almaga türkmenistanlylaryň hem hukugy bar. Ýöne bu ugurda hiç hili aç-açan we anyk maglumat berilmän gelýär.

Türkmenistanda erkin media entegem ýok. Adam hukuklaryna bolsa hormat goýulmaýar. Mejlisiň ýurdy dolandyrmakda hiç hili roly ýok. Türkmen häkimiýetleri garaşsyz jemgyýetçilik guramalara öz serhetlerni açar diýip garaşýardyk. Bu ugurda ösüşler üçin türkmen jemgyýeti demokratiýalaşmaly. Ykdysadyýet bolsa liberallaşdyrylmaly.

Azatlyk Radiosy: Ýöne türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlular bilen hyzmatdaşlygy gowy garşylaýarlar. Günbataryň iri kompaniýalary bilen hem hyzmatdaşlyk edýärler. Siziň guramaňyz şu wagta çenli türkmen häkimiýetleri bilen hyzmatdaşlyk etmek barada olara ýüzlendimi?

Mikloş Marşal: Biziň türkmen häkimiýetleri bilen resmi gatnaşygymyz ýok. Olaryň garaşsyz hem-de hökümete degişli däl guramalara garaýyşlary gowy däl. Netijede biz Türkmenistanda işläp bilmeýäris. Biziň edaramyz türkmen häkimiýetlerine maslahatlary bermäge hem-de peýdaly teklipleri etmäge taýýar. Ýöne hökümete degişli däl guramalaryň Türkmenistanda iş alyp barmagyna garşy çäklendirlmeler bar. Türkmenistanda biziň guramamyzyň erkin iş alyp barmagy üçin zerur şertler entek ýok.

Azatlyk Radiosy: Geljekde bu ýagdaýlar üýtgär we guramaňyz Türkmenistanda erkin iş alyp barar diýip, umyt edýärsiňizmi?

Mikloş Marşal: Uzak möhlete ser salsak umyt etse bolar. Sebäbi Türkmenistan daşary ýurtlularyň inwestisiýa ýatyrmagyna uly üns berýär we oňa uly gyzyklanma bildirýär.

Biziň guramamyzyň dunýäniň 100 döwletinde edarasy bar we hyzmatdaşlyk edýär. Meselem, bizi gyrgyz we gazak häkimiýetleri öz ýurtlaryna çagyrdylar. Olara biz maslahat berýäris. Ýöne, gynansak-da, entek türkmen häkimiýetleri bilen gatnaşygymyz ýola goýulmady. Bu ugurda biziň uly problemamyz bar. Türkmenistanda garaşsyz jemgyýetçilik guramalarynyň işine ýol berilmeýär.

Transparency International Türkmenistany tankytlamak islemeýär. Türkmenistan öz serhetlerini garaşsyz jemgyýetlere hem açmaly. Biz Türkmenistandaky parahorluga garşy görülmeli çärelerde hökümete kömek etmek isleýäris we diňe konstruktiw maslahatlary berip, özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleýäris.

Azatlyk Radiosy: Jenap Mikloş Marşal, siziň korrupsiýa baradaky ahyrky raportyňyzda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bagly näme diýilýär?

Mikloş Marşal: Biziň täze raportymyzda Merkezi Aziýa döwletleri dünýäniň iň korrumpirlenen ýurtlarynyň arasynda durýar. Biziň guramamyz dünyäde korrupsiýanyň derejesine bir baldan on bala çenli baha berdi. Meselem, Gazagystan 10 baldan 2, 7 bal aldy. Bu örän ýaramaz baha. Ýöne, Gazagystanyň ýagdaýy beýleki Merkezi Aziýa döwletlerine garanda biraz gowy we korrupsiýa garşy göreşde ösüş bar. Sebäbi Gazagystanyň ykdysadyýeti açyk hem-de liberallaşýar. Şeýle-de Gazagystan Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna ýolbaşçylyk etmekçi. Bu mesele hem korrupsiýa garşy göreşe gowy täsir edýär. Merkezi Aziýanyň beýleki bir döwleti Täjigistan korrupsiýada diňe iki baly, Gyrgyzystan 1, 9 baly aldy. Türkmenistan 1, 8 we Özbegistan bolsa 1, 7 baly aldylar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň beýleki göňşulary Owganystanda we Eýranda korrupsiýa nähili?

Mikloş Marşal: Owganystan dünýäde koruppsiýa boýunça Somaliden soňra ikinji orunda durýar. Owganystan 180 ýurduň arasynda 179-njy orunda durýar. Bu ýurtda ýagdaýlar juda ýaramaz. Ol hasam ýaramazlaşar diýip garaşýarys. Sebäbi Owganystanda ýagdaýlar örän dartgynly.

Türkmenistanyň beýleki goňşusy Eýran bolsa korrupsiýa boýunça Türkmenistan bilen deň hatarda. Diýmek, biziň raportymyzda Eýran hem Türkmenistan ýaly 168-nji orunda. Şunlukda Eýran hem dünýäde korrupsiýa batan ýurtlaryň biri hasaplanylýar.

Azatlyk Radiosy: Jenap Marşal korrupsiýa problemasy regiona bagly bolyp bilermi? Näme üçin dünýäniň beýleki ýerlerine garanda, korrupsiýa Merkezi Aziýada ösen?

Mikloş Marşal: Korrupsiýa regional problema hem diýse bolar. Sebäbi Merkezi Aziýada entek demokratiýa doly ornaşmady hem-de regionyň häkimiýetleri demokratiýany baýdak edinmeýärler. Emma şu ýerde bir zady bellemeli.
Sebitdäki döwletleriň ýagdaýy biri-birinden tapawutlanýar. Meselem, Türkmenistan bilen deňeşdirilende Eýranda demokratiýa has giň ýol berilýär. Emma, bu ýurtda hem erkin media juda az. Syýasy hukuklar çäklendirlýär.

Şular ýaly ýagdaýda korrupsiýa giň ýol açylýar. Häkimiýetler korrupsiýa garşy köp gürrüň etseler-de, ol dowam edýär.

Azatlyk Radiosy: Siziň guramaňyzyň dünýäniň 100-e golaý döwletinde edarasy bar. Ýöne şu wagta çenli Türkmenistan, Özbegistan hem-de Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup bilmeýärsiňiz. Siziň Merkezi Aziýa regiony barada nähili planlaryňyz bar?

Mikloş Marşal: Merkezi Aziýa biziň guramamyz üçin strategiki taýdan möhüm region bolup durýar. Biz bu ýurtlarda köpräk işlemek isleýäris. Häzir biziň edaramyz Gazagystanda hem-de Gyrgyzystanda aktiw iş alyp barýar. Geljekde işlerimize Täjigistanda hem ýol açylar diýip, umyt edýäris. Şu taýda bir zady nygtamaly. Gazagystanyň ykdysadyýeti ösýär we gazak häkimiýetleri öz ýurduny döwrebaplaşdyrmak isleýärler. Gazagystan regionda möhüm roly oýnamagy maksat edinýär. Biziň guramamyz regionyň beýleki döwletlerine garanda Gazagystanda has köp iş alyp barýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG