Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýadro ýangyjy barada hödürlenen teklibe henize çenli jogap bermedi


Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň ýolbaşçysy Muhammad Al-Baradeý ýadro ýangyjy bilen bagly BMG tarapyndan goldanylýan teklibe Eýranyň henizem soňky jogabyny bermänligini aýtdy.

Ýakynda wezipesinden çekiljek Al-Baradeý şu gün Berlinde geçiren metbugat ýygnagynda eden çykyşynda, ady agzalýan agentlige Eýran tarapyndan ýazmaça jogabyň gowuşmanlygyny mälim etdi.

BMG tarapyndan hödürlenen şol dokumentde Eýranyň az baýlaşdyrylan uranyny ýadro ýangyja öwürmek üçin daşary ýurtlara eksport etmegi teklip edilýär.

Bu teklip Eýranyň gizlin ýadro ýaraglaryny öndürmäge synanyşýanlygy barada günbatar ýurtlarynyň arasyndaky aladany aradan aýyrmaga gönükdirilendir.

Tähran bu baradaky aýyplamany ret edýär. Şeýle-de Eýranyň Daşary işler ministri Manoçer Mottaki ady agzalýan agentlik tarapyndan hödürlenen bu teklibide ret eden ýaly äheňde çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG