Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Halkara Jenaýat Tribunaly Karadiçe aklawçy belledi


Öňki Yugoslawiýa boýunça Halkara Jenaýat Tribunaly uruş jenaýatynda aýyplanýan Bosniýaly Serpleriň öňki lideri Radowan Karadiçe wekilçilik etjek ýörite aklawçy belledi.

Londonly adwokat Riçard Harwynyň bu wezipä bellenmegi baradaky karar 5-nji noýabrda sudyň çykaran hökümi bilen baglylykda kabul edildi, şonda Karadiçe aklawçy bellenmelidigi aýdylýar.

Mälim bolşuna görä, Karadiç özüni gorap çykyş etmäge taýýarlanmak üçin goşmaça wagt gerekdigini aýdyp, şu aýyň başlarynda geçirilen sut diňlenşigini boýkot edipdi.

Karadiç 1992-95-nji ýyllaryň aralygynda Bosniýa uruşy boýunça 11 jenaýaty, şol sanda köpçülikleýin gyrgynçylyk bilen bagly özüne ýöňkelýän iki aýyplamany ret edýär.
XS
SM
MD
LG