Sepleriň elýeterliligi

Arap Ligasy Aljir bilen Müsüri köşeşmäge çagyrdy


Arap Ligasynyň baş-sekretary Amer Musa Müsür bilen Aljiri köşeşmäge hemem bu iki ýurduň arasynda dartgynlyga sebäp bolan problema üns bermäge çagyrdy.

Musa bu baradaky pikirini Müsüriň paýtagty Kairda ýerleşýän Aljiriň ilçihanasynyň golaýynda howpsuzlyk çärelerini gören polisiýa güýçlerine protestçiler tarapyndan edilen hüjümden soňra “Frans press” habar agentligine beren interwýusynda öňe sürdi.

Mälim bolşuna görä, bu iki ýurduň arasyndaky dartgynlyk futbol boýunça halkara ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin çarşenbe güni bu iki ýurduň komandalarynyň arasynda bolan ýaryşda müsürli futbolçylara edilen hüjümden soňra başlapdy.

Bu wakadan soň Müsür Aljirdäki ilçisini maslahatlaşmak üçin yzyna çagyrdy we Aljiriň Müsürdäki ilçisini bolsa Daşary işler ministrligine çagyryp bu mesele bilen bagly protest bildirdi.
XS
SM
MD
LG