Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda doňuz dümewi ýokuşanlaryň sany 61 adama ýetdi


Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz Gullugynyň maglumatyna görä, Gyrgyzystanda doňuz dümewi ýokuşanlygy anyklanan adamlaryň sany 61-e ýetdi.

Gyrgyzystanyň Saglyk ministrliginiň metbugat wekili Zuridin Nurmatowyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, bu dümewe garşy görülýän çäreler bilen baglylykda şu aýyň dowamynda ýurda 1 million töweregi maska import edildilipdir.

Gyrgyz resmileri mundan ozal hem 1 million töweregi maskanyň ýurtda bardygyny aýdýarlar.

Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, şu pasylyň dowamynda 5,5 million çemesi ilaty bolan Gyrgyzystanyň halkynyň üçden bir bölegine bu düwmewiň öz täsirini mümkin.
XS
SM
MD
LG