Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Rubin» çempion boldy!


Gurban Berdiýew.
Gurban Berdiýew.

Ildeşimiz Gurban Berdiýewiň trenerlik edýän Kazanyň «Rubin» futbol komandasy bassyr ikinji gezek Orsýediň çempiony boldy.

Şenbe güni—21-nji noýabrda Orsýediň premýer-ligasynda iň soňky tapgyrynyň öň ýanyndaky oýunlar geçirildi. Çempionatda ikinji orunda duran «Spartakdan» 4 oçko öňde barýan «Rubiniň» şu gün çempion bolmaga mümkinçiligi bardy. «Spartak» galan iki oýnuny utanlygynda-da «Rubin» «Zeniti» ýeňse, mesele çözülýärdi.

«Rubin» Sankt-Peterburgyň «Zenitini» ýeňip bilmedi. Dogrusy, ýer eýeleriniň ýeňmäge mümkinçiligi bardy. Ýöne dartgynly geçen duşuşykda hasap açylmady.

Ýöne «Rubiniň» söbügini sydyrdyp gelýän Moskwanyň «Spartagy» SSKA bilen duşuşygynda 2:3 hasabynda utulyp, «Rubiniň» çempion bolmagyna ýardam etdi.

Bassyr iki gezek çempion bolmak aňsatmy?

Häzir Orsýediň premýer-ligasy Ýewropa ýurtlarynda geçirilýän futbol çempionatlarynyň öň hatarlarynda barýar. Premýer-ligada güýçli trenerlem kän. Şeýle bolansoň, ildeşimiz Gurban Berdiýewiň tälim berýän komandasynyň ikinji sapar çempion bolmagy onuň abraýyny has-da artdyrýar.

Şenbe güni türkmenistanly janköýerlerem telewizoryň başyna jemlendiler. Türkmen janköýerleri, hakykatdanam, tolgunmak-tolgundy. «Spartak» bilen SSKA-nyň, «Rubin» bilen «Zenitiň» oýunlary bir wagtda geçirilýärdi. Janköýerler iki oýnuň hasabyny deňeşdire-deňeşdire, oýunlaryň gutaranyny duýman galdylar.

Duşuşyk gutarandan, türkmen janköýerleri dost-ýarlaryna jaň edişip, ildeşimiz Gurban Berdiýewiň ýeňşi bilen birek-biregi gutlamaga başladylar.

Ildeşimiz Gurban Berdiýewiň Orsýet ýaly ägirt ýurtda, güýçli çempionatda öz komandasyny ýeňşe ikinji gezek getirmegi janköýerlerimizi ganatlandyrdy. Häzir nirä barsaň, «Rubiniň», Gurban Berdiýewiň gürrüňi. Hatda futboldan kän daşdaky adamlaram Gurban Berdiýewe guwanýarlar. Biz hem, türkmen janköýerleri bolup, ildeşimiz Gurban Berdiýewi gazanan üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçy.
XS
SM
MD
LG