Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran uly howa-goranyş türgenleşigine başlady


Eýran öz ýadro nokatlaryny hüjümden goramak maksady bilen uly howa-goranyş maşklaryna başlady.

Döwlet telewideniýesi bäş gün dowam etjek türgenleşik okuwynyň ýurduň merkezi, günbatar hem günorta böleklerini öz içine aljagyny aýdýar.

Howa güýçleriniň brigada generaly Ahmad Mighani şenbe güni bu türgenleşigiň Eýranyň ýadro nokatlarynyň ýerleşýän ýerlerinde geçiriljegini aýtdy.

Türgenleşik okuwy başlananda Eýranyň rewolýusiýa goragçylarynyň komandiri Amir Aly Hajyzade Eýranyň howa goranyşy, eger olar hüjüm etse, Ysraýylyň harby uçarlaryny hem ýok edip biler diýdi.
XS
SM
MD
LG