Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Araçylar azeri-ermeni gepleşiklerinde «möhüm ilerleme» görýärler


Halkara araçylary düýn uzaga çeken azeri-ermeni dawasy babatda iki ýurduň prezidentleriniň geçiren gepleşiklerinde «möhüm ilerleme» bolandygyny aýdýarlar.

Azerbeýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýanyň Dagly Garabag barada dört sagada çeken gepleşiklerinden soň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Minsk toparynyň fransiýaly araçysy Bernard Fassier şeýle beýanat etdi.

Mýunhende bolmaly gepleşikleriň öňüsyrasynda Alyýew gepleşikler netije bermedik ýagdaýynda Azerbeýjanyň goşunlarynyň Dagly Garabagy yzyna güýç bilen gaýdyp almaga hem taýyndygyny aýtdy. Fassier bu beýanat baradaky soraga araçylaryň iki lidere urşuň çykalga däldigini aýdandyklaryny aýdyp jogap berdi.
XS
SM
MD
LG