Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky wise-prezident türmä basyldy hem azat edildi


Eýranyň öňki wise-prezidenti Mohammad-Aly Abtahi saýlawdan soňky gozgalaňlara gatnaşygy üçin 6 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

IRNA habarlar gullugy bu höküm barada habar berip, ýöne Abtahiniň girew esasynda azatlyga çykarylandygyny aýdýar.

ISNA habarlar gullugy bolsa Abtahä goýlan girewiň 700 müň dollardygyny habar berýär.

Reformaçy prezident Mohammad Hataminiň orunbasary bolan Abtahi 12-nji iýunda geçirilen prezident saýlawlarynda prezidentlige kandidat Mehdi Karrobiniň geňeşçisi bolupdy. Ol saýlawdan soňky gozgalaňdan soň tussag edilip, hökümeti agdarmak üçin dil düwüşmekde aýyplanypdy.

Abtahi telewideniýede türme şertlerini öwüp, öz eden işine ökünýändigini aýdyp, toba bilen çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG