Sepleriň elýeterliligi

Inguş lideri korrupsiýanyň pitnä itergi berýändigini tassyk etdi


Inguşetiýanyň lideri giň ýaýran korrupsiýanyň sebitde yslam pitneçiliginiň örç almagyna itergi berýändigini tassyk etdi.

Ýunusbek Ýewkurow Roýterse beren gürrüňinde «garakçylar» resmilere pul berenlerinde özlerini gaty aňsat ödejeklerini gowy bilýärler diýdi. Ol bu hili ýagdaýda korrumpirlenen resmiler terrorçylara we jeňçilere kömek edýärler diýdi.

Iýun aýynda kast ediş hüjüminden aman gutulan Ýewkurow bozuk resmileri has ýowuz jezalandyrmagy wada berýär.
XS
SM
MD
LG