Sepleriň elýeterliligi

Ukrainler Mämişi rewolýusiýanyň ýyl dönümini belleýär


Ukrainalylar Mämişi rewolýusiýanyň 5 ýyllygyny belleýär. 2004-nji ýylyň 22-nji noýabrynda müňlerçe adam resmi netijeleriň Orsýet tarapyndan goldanýan kandidat Wiktor Ýanykowiçi ýeňiji etmegine protest bildirmek üçin Kiýewiň merkezine ýygnanypdy.

Şondan soň protestler Günbatara tarapdar Wiktor Ýuşçenkonyň häkimiýet başyna gelmegine ýol açypdy.

Düýn prezident Ýuşçenko Kiewiň esasy meýdançasyna ýygnanan goldawçylarynyň öňünde söz sözledi.
XS
SM
MD
LG