Sepleriň elýeterliligi

Rumyniýada prezident saýlawynyň ikinji tapgyry bellendi


Ýekşenbe güni geçirilen prezident saýlawlarynyň netijeleri häzirki prezident Traýan Baseskunyň birinji tapgyrda az tapawut bilen ýeňiş gazanandygyny görkezýär.

Demokratiki liberal partiýadan bolan Basesku sesleriň 33-den 34 prosente çenlisini aldy, onuň garşydaşy, Sosial demokratlardan bolan Mirsi Gioana sesleriň 31-den 32 prosente çenlisini aldy.

Saýlawlaryň 2-nji tapgyry 6-njy dekabra bellendi. Rumyniýada prezidentiň wezipesi esasan simwoliki häsiýete eýe, ýöne prezident premýer ministri işe belleýär.
XS
SM
MD
LG