Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran uly harby türgenlenşige başlady


Eýranda howa giňişligi boýunça başlanan harby türgenlenşikden pursat, 22-nji noýabr, 2009-njy ýyl.
Eýranda howa giňişligi boýunça başlanan harby türgenlenşikden pursat, 22-nji noýabr, 2009-njy ýyl.

Eýran öz ýadro merkezlerini ediläýmegi mümkin hüjümden goramak üçin şenbe güni uly möçberli harby türgenlenşige başlady. Howa giňişligi boýunça başlanan bu çäre bäş gün dowam eder.

Bu harby maşkyň ýurduň günbatarynda geçirilýänligi we ýurduň howa giňişliginiň üçden bir bölegini öz içine alýanlygy aýdylýar. Eýranyň resmi IRNA habar agentligi bu harby türgenlenşigiň geriminiň gaty uly boljakdygyny habar berdi.

Tähran yzygiderli harby türgenleşikleri geçirýär we jedelli ýadro programmasyny goramak boýunça öz harby güýçlerini barha kämilleşdirýänligini aýdýar. Emma şenbe güni başlanan bu harby türgenlenşik Eýranyň howa giňişligini goramak boýunça täze döredilen bütewi harby topar tarapyndan geçirilýän ilkinji çäredir.

Farda Radiosynyň habarçysy Hossaýin Arýan bu barada şeýle maglumat berdi: "Howa giňişligini goramak boýunça çäreler mundan öň guramaçylykly amala aşyrylmaýardy. Mundan ozal şeýle çäreler howa güýçleri we galyberse-de rewolýusiýanyň sakçylary tarapyndan geçirilerdi. Soňky döwürlerde Eýran bu toparlary birleşdirip bütewi howa güýjüni döretdi. Bu, şübhesiz, Eýranyň dürli edaralaryny, şol sanda ýadro merkezlerini goramagy göz öňünde tutýar."

Ysraýyla duýduryşmy?

Bu harby türgenlenşik başlamazdan öňüsyra Eýranyň rewolýusion sakçylary toparynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan biri bu ýurda hüjüm edilen ýagdaýynda Eýranyň Ysraýyla raketa atjakdygyny aýtdy.

Eýranyň baş ruhany lideri Aýatullah Hamineýiniň ady agzalýan howpsuzlyk toparyndaky wekili Možtaba Zolnury 21-nji noýabrda IRNA habar agentligine beren maglumatynda, eger Ysraýylyň raketasy Eýran topragyna düşäýse, Tähranyň ballistik raketalary Ysraýylyň paýtagty Tel-Awiwiň merkezini nyşana alar diýdi.

Ysraýyl we Birleşen Ştatlar Eýranyň ýadro programmasyny dowam etdiren ýagdaýynda bu ýurda garşy harby çäre görjekdiklerini aýdyp, haybat atýarlar.

Günbatar ýurtlary Eýranyň ýadro programmasynyň ýadro ýaragyny ýasamaga gönükdirilenligini şübhe edilýänligini öňe sürýärler. Tähran bolsa bu programmanyň parahatçylykly maksatlara eýerýändigini aýdyp, bu aýyplamalary ret edýär.

BMG-niň teklibi ret edilenden soň...

Bu baradaky harby türgenlenşik Eýranyň öz pes derejede baýlaşdyrylan uranyny ýangyja öwürmek üçin daşary ýurtlara ibermegi barada BMG tarapyndan goldanylýan teklibi ret etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Eýran bilen onuň ýadro programmasy boýunça gepleşikler geçirýän güýçli ýurtlaryň altysynyň wekilleri Tähranyň bu hereketinden özleriniň göwünleriniň galanlygyny mälim etdiler.

Germaniýa, Orsýet, Birleşen Ştatlar, Hytaý, Fransiýa we Beýik Britaniýadan ybarat bu topar, bu baradaky pikiri ýakynda Brýusselde beýan etdiler.

Mälim bolşuna görä, ady agzalýan ýurtlaryň wekilleri Eýranyň ýadro programmasynyň öňüni almak baradaky aladalary boýunça ýakynda Brýusselde gepleşikler geçirdiler.
XS
SM
MD
LG