Sepleriň elýeterliligi

Dümew sebäpli Bişkek şäheriniň orta mekdepleri wagtlaýynça ýapylar


Şu gün Gyrgyzstanyň häkimiýetleri dümew bilen keselleýän mekdep okuwçylarynyň sanynyň çakdanaşa artmagyndan alada bildirip, 23-nji noýabrdan 30-njy noýabra çenli Bişkek şäheriniň orta mekdepleriniň ýapylmagyna görkezme berdiler.

Ýurduň resmileri noýabryň 16-syndan 20-si aralygynda Bişkekdäki orta mekdepleriň okuwçylaryndan 20-30 prosentiniň keselländiklerini aýdýarlar.

Ýurduň hökümet resmileri mekdepleriň ýapylmak möhletiniň birneme uzaldylmagynyň hem mümkindigini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG