Sepleriň elýeterliligi

Moskwada öldürilen hristian ruhanysy jaýlandy


Şu gün Orsýetiň paýtagty Moskwada geçen hepde janyna kast edilip öldürilen hristian ruhanysy Daniel Sisoýewiň jaýlanyş çäresine müňlerçe adam ýygnandy.

Bu ýas çäresine gatnaşanlaryň hatarynda Orsýetiň Prawoslaw kelisesiniň Patriarhy Kirill hem boldy. Daniel Sisoýew ýakynda, 19-njy noýabrda näbelli bir adam tarapyndan atylyp öldürilipdi.

Bu wakadan birneme öň ruhany Daniel Sisoýew özüniň yslam dini baradaky tankytlary hem-de yslam dininiň wekillerini hristiançylyga çekýändigi üçin özüne näbelli adamlaryň ölüm howpy bilen haýbat atandyklaryny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG