Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan Gazagystan bilen öz serhetlerini ýapdy


Şu gün Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Özbegistanyň Gazagystan bilen öz serhetlerini ýapandygyny mälim etdi.

Maglumatda Özbegistanyň häkimiýetleriniň indi diňe bu iki ýurduň graždanlarynyň öz oýlerine dolanmaklary üçin serhetden geçmeklerine rugsat berýändikleri aýdylýar. Ýöne özbek-gazak serhetleriniň ýapylmagynyň sebäpleri barada welin häzirlikçe hiç hili anyk resmi maglumat alynmady.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eržan Aşykbaýew şu gün žurnalistlere beren interwýusynda serhetleri ýapmak baradaky bu inisiatiwanyň Özbegistan tapapyndan gelendigini aýtmak bilen, çäklendi.
XS
SM
MD
LG