Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Mejlisi býujet baradaky proýekti tassyklady


Hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Mejlisi öz geçiren maslahatynda ýurdiň döwlet býujeti baradaky proýekti tassyklady.

2010-njy ýyl üçin tassyklanan bu döwlet býujetiniň girdeji bölegi 48 milliard 280 million manat, çykdajy bölegi bolsa 49 milliard 780 million manat bolar. Başgaça aýdylanda, dollar görnüşinde Türkmenistanyň döwlet býujetiniň sarp ediljek bölegi 16 milliard dollar töweregi bolar.

Türkmen Döwlet Habarlar gullugy bu döwlet býujetiniň 74 prosentden hem gowragynyň sosial maksatlar üçin harj ediljekdigini habar berýär.

Maglumata görä, şol sosial proýektleriň hatarynda dürli hili ykdysady we sosial ähmiýetli obýektleriň hem 240-a golaýynyň gurluşygy göz öňünde tutulan.

Käbir bilermenler Türkmenistanda «sosial maksatlar üçin» diýlip sarp edilýän pullaryň aglaba ilat üçin peýdasy bolmadyk myhmanhalaryň we edara-kärhanalaryň binalarynyň gurluşyklaryna sarp edilýändigini belläp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG