Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti «Rubiniň» tälimçisini gutlapdyr


Gurban Berdiýew

Gurban Berdiýew

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Rubin» futbol komandasynyň tälimçisi Berdiýewi gazanan üstünligi bilen gutlady.

«Rubin» futbol komandasynyň tälimçisi türkmenistanly Gurban Berdiýew Ukrainanyň Sport.ua habar beriş serişdesine beren interwýusynda, Türkmenistanyň wise-premýerleriniň biriniň ýurduň prezidentiniň adyndan ony gazanan üstünligi bilen gutlandygyny aýtdy. Gutlag «Rubin» bilen «Barselonanyň» arasyndaky duşuşykdan soň iberildi.

Bir ýyllap ýurduň mediasynda Gurban Berdiýewiň hem-de onuň «Rubin» komandasynyň asla adynyň tutulmagy gadagan edileninden soň, Türkmenistanyň prezidentiniň Gurban Berdiýewi ýeňşi bilen gutlamagy, sport janköýerlerini ýagşy umytlara atardy.

Aşgabatly sport synçylary, Türkmenistanyň prezidentiniň gutlagy Gurban Berdiýew we onuň «Rubin» komandasy hakdaky habarlaryň ýene-de türkmen mediasynda öz ornuny tapmagyna ýardam etmegi gaty mümkin diýen pikiri öňe sürýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG