Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurban baýramyna taýýarlyk görülýär


Musulmanlaryň iň bir mukaddes baýramy bolan Gurban baýramy şu aýyň 28-30-y aralygynda Türkmenistanda hem bellenilip geçiler. Oňa taýýarlyk işleri şu günler uly depgin bilen alnyp barylýar.

Ýurduň hökümeti Gurban baýramyny guramaçylykly hem-de düzgün-tertipli geçirmek barada ýerli häkimliklere görkezme berdi.

Şu günler Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň welaýatlarynyň ähli etraplarynda Gurban baýramynda ilatyň esasy üýşäýjek ýerlerinde hiňňildikleri gurmak, şol ýerlerde medeni çäreleri, estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlaryny gurnamaklyk işlerine taýýarlyklar başlanyldy.

Hiňňildikleriň häkimlikler tarapyndan dikilip berilmegi ilat köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Hiňňildikler häkimlikler tarapyndan geçen ýyllarda diňe paýtagt Aşgabatda dikilen bolsa, onda bu ýyl olar ýurduň welaýatlarynyň ähli etraplarynda-da ýerli häkimlikler tarapyndan dikiler.

Öňki ýyllarda geçirilen Gurban baýramynda hiňňildikler oba ýaşlarynyň öz hasaplaryna dikilerdi we olaryň käsinde howpsuzlygyň talaplary doly berjaý edilmeýärdi. Gurban baýramynda hiňňildikden gaçyp, şikes alynýan, hatda pajygaly ýagdaý bilen tamamlanýan ýagdýalar her ýylda ýüze çykardy.

Ýerli häkimlikleriň tagallalary bilen Gurban baýramynda hiňňildikleriň dikilen ýerlerinde hukuk goraýjy edaralaryň, saglygy goraýyş, arrassaçylyk gulluklaryň işgärleri hem gözegçilik ederler.

Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtyň «Parahat» mikroraýonynda ýerleşýän baş hiňňildikde bolsa ýurduň abraýly estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda uly konsertler berler.
XS
SM
MD
LG