Sepleriň elýeterliligi

Brazil lideri dünýäni Eýran bilen gatnaşyga çagyrýar


Braziliýanyň prezidenti Luiz Inaiso Lula da Silwa Eýranyň 23-nji noýabrda sapara gelen prezidenti Mahmut Ahmedinejat bilen duşuşdy. Ol Günbatar döwletleriniň Tähranyň ýadro programmasy babatda «adalatly hem deňagramly» çözgüt tapmagy gerek diýdi.

Silwa Ahmedinežat bilen beren metbugat ýygnagynda «Eýranyň halkara kanunlary esasynda parahatçylykly ýadro programmasyna hukugy bar» diýdi.

Braziliýada we Rio de Žaneýroda ýüzlerçe adam Ahmedinejadyň Braziliýa sapar etmegine protest bildirdi.

Braziliýa Ahmedinežadyň Günorta Amerika saparyndaky ilkinji duralgasydyr. Ol Braziliýadan soň Boliwiýa hem Wenezuela sapar eder.
XS
SM
MD
LG