Sepleriň elýeterliligi

Estoniýa doňuz dümewinden ilkinji pidasyny habar berdi


Estoniýa doňuz dümewi bilen ilteşikli ilkinji pidasyny, 13 ýaşly oglanyň hassahanada ýogalandygyny habar berdi.

Estoniýanyň Sosial meseleler ministrliginiň çap eden beýanatynda ol oglanyň anna güni gyzgyny galyp ýogalandygy aýdylýar. Ýöne ol oglanyň Estoniýanyň haýsy ýerinde bejerilendigi aýdylmaýar.

Ministrlik bu ölüme doňuz dümewiniň ýa başga bir derdiň sebäp bolandygynyň entek anyklanmandygyny aýtdy.

Estoniýa maý aýyndan bäri doňuz dümewi bilen kesellänleriň 269-syny hasaba aldy.

Bu kesel bilen kesellänleriň köpüsi 10-19 ýaş aralygynda.
XS
SM
MD
LG