Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda dört amerikan esgeri öldürildi


Harbylar soňky 24 sagatda Owganystanda dört amerikan esgeriniň öldürilendigini aýdýarlar.

NATO-nyň düýnki beýanatynda üç amerikan esgeriniň şenbe güni, günorta Owganystanda öldürilendigi aýdylýar. Olaryň ikisi bomba partlamasy, üçünjisi bolsa ok degip wepat bolupdyr.

Dördünji esger ýurduň gündogarynda bomba partlamasynda heläk bolupdyr. Bu dört esgeriň ölümi noýabrda öldürilen amerikan esgerleriniň sanyny 15-e etirdi.

Oktýabr aýy Birleşen Ştatlar üçin sekiz ýyl öň başlan konfliktiň iň köp ölümli aýy boldy, şonda bir aýda 58 esger wepat boldy.
XS
SM
MD
LG