Sepleriň elýeterliligi

Rumyniýada saýlawyň ikinji tapgyry geçirilmeli


Rumyniýanyň prezident saýlawlarynyň doly bolmadyk netijeleri prezident Traýan Basesku bilen öňki daşary işler ministri Mirsi Gioananyň 6-njy dekabrda geçiriljek ikinji tapgyrda bäsleşmelidigini görkezýär.

Saýlaw stansiýalarynyň tas ählisinde geçirilen ses sanaşygy Liberal demokratik partiýanyň lideri Baseskunyň sesleriň 33 prosentine golaýy bilen öňde barýandygyny görkezdi.

Ozalky kommunistleriň Sosial demokratik partiýasyndan bolan Gioana sesleriň 31 prosent çemesini aldy.
XS
SM
MD
LG