Sepleriň elýeterliligi

Britaniýanyň Yrak urşuna goşulmagy bilen bagly diňlenşikler başlanar


Şu gün Britaniýada iňlis jemgyýetiniň aglabasynyň talaby boýunça bu ýurduň Yrak urşuna goşulmagy bilen bagly köpçilikleýin diňlenşikler geçirilip başlanýar.

Bu diňlenşigi geçirmek üçin düzülen 5 adamdan ybarat garaşsyz komissiýanyň öňünde Britaniýanyň öňki daşary işler hem-de goranmak ministrleri şeýle hem öňki premýer-ministri Toni Bleýer dagynyň hasabat berjekdigi aýdylýar.

Yrakdaky uruş bilen bagly döredilen komissiýanyň ýolbaşçysy Jon Çilkot Britaniýanyň Ykrak uruşyna gatnaşyp, 2003-nji ýylda ol ýurda 45 müň esgeri ibermegi bilen bagly garaşsyz hem adalatly derňewiň geçiriljekdigini wada berdi.

Şu ýylyň aprel aýynda britan goşunlary Yrakdan doly çykaryldy.

Yrak uruşynda Britaniýanyň 179 esgeri heläk boldy. Bu diňlenşikleriň birnäçe aý dowam etjekdigi çaklanýar.
XS
SM
MD
LG