Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Italiýa sapar edýär


Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow resmi sapar bilen Italiýa barýar diýip, Türkmenistanyň resmi habar çeşmeleri maglumat ýaýratdy.

Maglumata görä, iki gün dowam etjek bu saparyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýanyň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyp gepleşik geçirer.

Şeýle hem prezident Berdimuhamedowyň Italiýanyň iri biznesmenleri bilen duşuşjakdygy hem habar berilýär.

Ria Nowosti habar gullugynyň beren maglumatlarynda türkmen prezidentiniň sapary mahalynda Italiýada türkmen-italýan bisnes forumynyň geçiriljekdigi aýdylýar.

Ekspertleriň çaklamagyna görä, bu saparyň barşynda ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga üns berlip, Nabukko proýekti hakda hem gepleşik geçiriler diýip, Ria Nowosti habar berýär.

Türkmenistanyň milli hasabat komitetine saglylanyp berilen maglumatda, Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda şu ýylyň 10 aýynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberiniň 385 million dollardan gowrak bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG