Sepleriň elýeterliligi

Içeri işler ministri üçin ýakymsyz pursat


Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministri Isgender Müllikow üçin iň bir ýakymsyz pursatlar gelip ýetdi. Elbet-de, onuň bilen bagly tutuş ýagdaý gümürtik, üsti örtgüli. Pynhan syr hökmünde saklanylýar.

Prezidentiň yglan eden berk käýinjiniň aňyrsynda nähili sebäpler ýatyr, ýönekeý graždanlar muny diňe çaklap bilerler.

Resmi maglumatda “Tertibi gowşadanlygy, Içeri işler organlarynyň işgärleriniň arasynda düzgüni gowşadanlygy, syýasy-terbiýeçilik işlerini pes derejede gurnanlygy, şeýle-de jenaýatlar barasynda doly bolmadyk maglumatlar berendigi üçin” diýlip, berk käýinç berilmeginiň sebäpleri sanalypdyr. Bularyňam üstesine prezident eger edilen bellikleri düzetmese, ministriň kürsüsi bilen hoşlaşmaly boljakdygyny aýdypdyr.

Bildirilen günälerden çen tutulsa, IIM-däki ýagdaý kadadan daşda bolup görünýär. Bu işde ministriň hut özi nä derejede günäkär, indi şol aýyplamany kabul etmelimi ýa-da öňlerem bolşy ýaly beýle aýyplamalara ynamsyzlyk bilen garamalymy?

Täze açyş

Ýöne jenaýatlar baradaky maglumatlary ýaşyrmak fakty häkimiýetleriň köpçüligiň öňünde eden bir täze açyşy boldy. Munuň ýaly işlere öň ýokardan aýgyt edilmeýärdi. Emma häkimiýetiň aşaky we ýokarky gatlaklarynyň arasynda gatnaşyklaryň berk režimine başlyklardan informasiýalary gizlemek hadysasy mahsus bir ýagdaý.

Dolandyryş sistemasynda kimdir biri möhüm wakalar barada gürrüň bermezlik kararyna gelipdir diýip, şol günäni boýun almaga gowuşgynsyzlyk edilýänini indi propaganda aýan etmek isläpdir. Dogrusy, bu ýerde IIM-gi bilen bagly jenaýatlary ýaşyrmak barada gürrüň gidýär .

G. Berdimuhamedowyň prezidentliginiň doly bolmadyk üç ýylynyň içinde dördünji Içeri işler ministriniň hem tabşyrylan işe hötde gelip bilmezligi meseläniň çylşyrymlydygyndan habar berýär.

Şu kontekstde bir şahsy faktor bilen çäklenmek dogry bolmaz. IIM-däki sistemanyň özüniň çüýrükdigi üçin ýurtda bu edaranyň hötdesinden hiç kim gelip bilmese gerek. Eger bu edara prezidentiň özi ýolbaşçylyk edäýende-de, ol hem kätmeniň demrinden basyp, edil beýleki ministrleriňki ýaly, kätmeniň sapy onuňam maňlaýyna degmegi mümkin. Administratiw hem güýç ulanma çäreleri beýle ýagdaýda netije bermeýär. Ýene-de 10-20 ministri wezipä belläp bolar, mundan näme peýda geler?

Diňe polisiýa işgärlerimi?

Şunuň ýaly problemalar diňe IIM-de barmy? Ministrleri, beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny prezident häli-şindi çalşyrmaly bolýar. Ol esasan girdejili, pully pudaklar bilen bagly çalt-çaltdan geçirilýär. Ýakynda prezident energetik pudakda arassalaýyş işini geçirdi. Olary tertip-düzgüni gowşatmakda, korrupsiýada aýyplapdy.

Döwlet gamçysy bilen korrupsiýanyň garşysyna göreşmek onuň ösmegine, çuňlaşmagyna getirýär – bu hadysany dünýä praktikasy ençeme gezek tassyklady. Eger bu prosese jemgyýetçilik guramalary gatnaşmaýan bolsa, ýurtda garaşsyz habar serişdeleriniň düşnügi ýok bolsa, hakyky korrupsiýa gülläp öser, ony häkimiýetler ýeňip bilmez. Garaşsyz habar serişdeleri jemgyýetde ýakymsyzlyklary ýüze çykarýan, onuň bardygyny habar berýän, onuň öňüni almaga ýardam edýän gural ahyryn. Bu paradoksy graždanlar görüp otyr.

Türkmenistandaky güýçli hem bütewi häkimiýet heniz düwünçekdekä korrupsiýanyň garşysyna göreşmäge synanyşýan ýaly, hakykatda weli korrupsiýa dünýä inen, ýurtda bar zat! Häkimiýet, esasan bir jenaýat edilenden soň korrupsiýa reaksiýa bildirýär. Ýurtda ideal ministr ýok, ýurtda ideal halk bar. Halky gatnaşdyrmazdan, onuň kömeginden peýdalanmazdan şol belanyň hötdesinden gelip bolarmy?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG