Sepleriň elýeterliligi

Dünýä belli “Chevron” kompaniýasy Türkmenistan bilen uzak möhletleýin partnýorlyk bilen gyzyklanýar we ýurduň nebit-gaz pudagynyň inwestision proýektlerine aktiw gatnaşmaga taýýar. Bu barada “Chevron” kompaniýasynyň prezidenti Duglas Uçikura Aşgabatdaky nebit-gaz konferensiýasynda aýtdy.

“Chevron” kompaniýasynyň prezidenti Duglas Uçikuranyň sözlerine görä, amerikan kompaniýasynyň Türkmenistanyň “Günorta Ýolöten” gaz ýatagynyň özleşdirilmegine gatnaşmagy barada taraplar arasynda gepleşikler gidýär. “Hawa, biz gyzyklanýarys. Biz öz tekliplerimizi öňe sürýäris we gepleşik alyp barýarys” diýip, “Chevronyň” ýolbaşçysyna salgylanyp, Reuters ýazdy.

Maglumatda bellenilişine görä, “Gaffney Cline Associates” kompaniýasynyň berýän bahalary boýunça 4-14 trillion kubometr aralygyndaky gaz baýlyklaryna eýe bolan “Günorta Ýolöten” dünýäniň iň uly bäş gaz ýatagynyň biri bolup, ol planlaşdyrylýan “Nabukko” gaz geçirijisi arkaly Ýewropany gaz bilen üpjün edip bilerdi.

Resmi Waşingtonyň pozisiýasy


Geçen hepdede Aşgabatda geçirilen “Türkmenistnyň nebit-gazy 2009” konferensiýasynyň öň ýanynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary George Krol Waşingtonyň Türkmenistanyň amerikan kompaniýalaryna ýurduň gaz önümçiligine gatnaşmagyna rugsat bermegini isleýänligini mälim etdi, emma türkmen tarapy häzirlikçe şeýle mümkinçiligi diňe Hytaýyň Milli nebit kompaniýasyna berdi diýip, "RosInvest" internet saýty belledi.

Şol bir wagtda-da şu ýylyň sentýabr aýynda Orsýetiň “Itera” kompaniýasy Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we özleşdirmek boýunça döwlet agentligi bilen Türkmenistanyň Hazar deňzindäki 21-nji blogunyň önümini paýlaşmak barada ylalaşyk baglaşypdy. Türkmenistandaky gaz önümçiligine degişli ylalaşyk 20-nji noýabrda Orsýetiň “Itera” we “Zarubežneft” kompaniýalarynyň arasynda hem baglaşyldy.

"Türkmenistan.ru" internet-gazetiniň maglumatyna görä, kompaniýalaryň baglaşan ylalaşygy proýekte gatnaşýan taraplaryň aragatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. “Zarubezneft” “Iteradan” onuň proýekte gatnaşyk paýynyň 51%-ni satyn almaga taýýar, 49% bolsa “Iterada” galýar.

Bäsdeşlik barmy?


Merkezi Aziýa boýunça bilermen Sanobar Şermatowa Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlyk ugrundan Günbatar we Orsýet kompaniýalarynyň arasynda özboluşly bäsdeşligiň gidýänligini belledi.

“Energiýa meselesi bilen gyzyklanýan taraplar üçin gyzykly we bähbitli ugur bar. Taraplaryň ählisi Türkmenistanyň gaz önümçiligine gatnaşmaga çalyşýarlar. “Chevronyň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi entek belli däl, kompaniýa häzirlikçe diňe öz islegini mälim edýär, emma Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin onuň bähbitli boljagy şübhesiz. Sebäbi täze dörediljek iş orunlarynyň sany we pudagyň önümçilik derejesi ýatyryljak maýa goýumlarynyň möçberine bagly bolar. Üstesine, adatça, uly kompaniýalar islendik ýurda baranlarynda, öz sosial proýektlerini hem teklip edýärler” diýip, Sanobar Şermatowa aýtdy.

“Chevronyň” “Türkmengaz” bilen hyzmatdaşlygy özara peýdaly bolar diýip, D.Uçikuranyň bellemegine görä, hususan-da türkmen spesialistlerinde ösen tehnologiýalary işe girizmäge we işleri howpsuz hem ekologiýa taýdan arassa usullar bilen alyp barmaga mümkinçilik dörär. Bu barada "Trend.az" internet saýty ýazýar.

Hyzmatdaşlyk üçin nähili şertler bar?

"Trend.az" internet saýtyna görä, “Chevron” kompaniýasynyň başlygy Türkmenistanyň kabul edýän milli kanunlarynyň döwrüň talaplaryna laýyk gelýänligini we daşary ýurt maýa goýujylary bilen milli kompaniýalaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň döremegine itergi berýänligini belläpdir.

Türkmenistan ýurduň kanun sistemasyny halkara standartlaryna laýyk getirmek maksadyny yglan edip, bu ugurdan halkara konsultasiýalarynyň ençemesini geçirdi. Hususan-da, 2007-nji ýyldan bäri ýurduň “Salgyt kodeksine” ençeme üýtgetmeler girizildi, “Daşary ýurt inwestisiýalary boýunça” kanun kabul edildi, şeýle-de “Söwda deňiz gatnawynyň kodeksi” we “Ownuk hem orta telekeçiligi döwlet derejesinde goldamak boýunça” kanun kabul edildi.

Muňa garamazdan, synçylar Türkmenistanyň kanun sistemasyndaky kemçilikleriň, açyk-aýdyňlygyň ýetmezçiliginiň we güýçli parahorlyk ýaly problemalaryň ýurda uly möçberde maýa goýumlaryň gelmegine päsgelçilik döredýänligini belleýärler.

“Eurasia Transition Group” toparynyň müdiri Mişael Laubş Türkmenistanda korrupsiýanyň we parahorlugyň garşysyna döwlet derejesinde ýeterlik çäre görülmeýänligini bellemek bilen, munuň Türkmenistan bilen işleşmäge uly islegi bolan günbatar kompaniýalarynyň ýurtda maýa ýatyrmaga howlukman, meselä seresaply çemeleşmegine sebäp bolýanlygyny aýtdy.

17-nji noýabrda “Transparency International” guramasy 2009-njy ýyl boýunça dünýä ýurtlarynda korrupsiýanyň derejesini görkezýän hasabatyny çap etdi. Hasabatda Türkmenistan iň korrumpirlenen döwletleriň hatarynda bolup çykdy.

Hyzmatdaşlygyň sosial pudaga ýetirjek täsiri

Şol bir wagtda-da “Chevron” kompaniýasy öz maliýe serişdelerini Türkmenistanyň sosial infrastrukturasynyň ösüşine ýatyrmakçy, şol sanda saglygy saklaýyş, bilim we ownuk hem orta biznes pudaklaryna. “Biz bilelikdäki proýektiň zerurlyklaryny ýerli harytlar we hyzmatlar arkaly üpjün etmek üçin milli üpjün edijileriň mümkiinçiliklerini giňeltmek isleýäris” diýip, “Chevronyň” ýolbaşçysyna salgylanmak bilen "Türkmenistan.ru" internet saýty ýazdy.

“Chevron” kompaniýasynyň Türkmenistandaky planlary barada kompaniýanyň özünden maglumat alyp bolmady.

ABŞ-nyň iň uly energetiki kompaniýalarynyň biri bolan “Chevron” dünýä ýurtlarynyň ýüzden gowragynda iş alyp barýar. Kompaniýanyň resmi internet saýtynyň maglumatyna görä, “Chevron” hususan-da Orsýetiň nebit-gaz infrastrukturasyna maýa ýatyran iň uly daşary ýurt inwestorlarynyň biri bolup durýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG