Sepleriň elýeterliligi

Walesa polýak prezidentini töhmet üçin suda berýär


Warşawa sudy Leh Walesanyň Polşanyň prezidentine garşy şikaýaty boýunça sud diňlenişigine başlady.

Ozalky Raýdaşlyk lideri prezident Leh Kažinskini özüne kommunist döwrüniň agenti diýip töhmet atanlygy üçin suda berdi.

Walesa Kažinskiniň ötünç soramagyny we ýetirilen zyýan üçin 37 müň dollar tölmegini talap edýär.

Kažinskiý geçen ýyl beren bir interwýusynda Walesanyň kommunist döwrüniň «Bolek» lakamly agentidigi barada öňden gelýän tassyklamalary gaýtalady.
XS
SM
MD
LG