Sepleriň elýeterliligi

Kreml partlamalar sebäpli generallary işden aýyrýar


Prezident Dmitriý Medwedew ýarag ammarynda bolan we 10 adamyň ölümine getiren partlamalar sebäpli uly generallaryň birnäçesini işden aýrydy.

Medwedew Ulýanowskä sapary mahalynda žurnalistlere Goranmak ministrliginiň inženerçilik we artilleriýa bölümleriniň ýolbaşçylaryny hem-de regional komandiriň orunbsaryny harby gullukdan boşadandygyny aýtdy.

13-nji noýabrda Ulýanowskide harby-deňiz flotunyň ýarag ammarynda bolan partlama netijesinde 2 adam, duşenbe güni ýarag ammarynda bolan partlamada bolsa 8 adam ýogaldy.
XS
SM
MD
LG