Sepleriň elýeterliligi

Berluskoni Belarusa sapar eder


Italiýanyň Belarusdaky ilçisi Italiýanyň premýer ministri Silwio Berluskoniniň duşenbe güni Minskä sapara geljegini aýdýar.

Berluskoni soňky onýyllykda Belarusa sapar eden ilkinji Günbatar lideri bolar.

Awtoritar prezident Aleksandr Lukaşenko 1994-nji ýylda häkimiýet başyna geleli bäri Belarus bilen Günbatar ýurtlarynyň gatnaşyklary gaty çäklendi.

Ýewropanyň we Birleşen Ştatlaryň hökümetleri Minskini Belarusda adam hukuklarynyň we demokratiki standartlaryň ýagdaýy sebäpli ýygy-ýygydan tankyt edýärler. Emma şu ýylyň başynda Lukaşenko Italiýa sapar etdi we golaýda özüniň Günbatar bilen gatnaşyklary ilerletmek isleýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG