Sepleriň elýeterliligi

Britaniýada Yrak urşy baradaky derňewiň sud diňlenişigi başlandy


Britaniýanyň Yrak urşundaky roly baradaky derňewiň sud diňlenişigi Toni Bleýer Angliýany urşa girizmezinden iki ýyl öň Waşingtonyň mümkin bolan konflikte taýýarlanýanlygy baradaky görkezmeler bilen başlandy.

Diňlenişigiň birinji gününde görkezme berenler Birleş Ştatlaryň adminstarsiýasynda käbir adamlaryň 2003-nji ýyldaky uruş hereketlerinden öň hem Saddam Hüseýiniň režimini agdarmak barada pikir edendikleri aýtdylar.

Bäş agzaly žýuri öňki graždan gullukçylaryny we hökümet resimlerini sorag edýär.

Ozalky premýer ministr Toni Bleýeriň hem esasy şaýatlaryň biri hökmünde sorag edilmegine garaşylýar.

Toni Bleýer 2003-nji ýylda 45 müň çemesi iňlis esgerini Saddam Hüseýini agdarmak üçin urşa iberdi we bu uruş Britaniýada düýpden halanmady.
XS
SM
MD
LG