Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama täze owgan strategiýasyny aýan etjegini aýdýar


Prezident Barak Obama Birleşen Ştatlaryň Owganystan babatdaky strategiýasyny we özüniň o taýda «işi bitirmek» bilen bagly plan-nietini basym mälim etjegini aýtdy.

Obama bu beýanaty Hindistanyň premýer ministri Manmohan Siňh bilen beren metbugat konferensiýasynda etdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidentiniň bu beýanaty onuň duşenbe güni öz ýokary derejeli geňeşçileri bilen Owganystana goşmaça goşun ibermek ýa ibermezlik barada geçiren jemleýji maslahatyndan soň edilýär.
XS
SM
MD
LG