Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Owganystan babatda strategiýasyny açyklar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Owganystanda harby we gaýtadan dikeldiş boýunça täze strategiýasyny açyklamaga taýýardygyny aýdýar.

Şol esasynda bu ýurda goşmaça esger iberilip-iberilmezligi mälim bolar diýip, Obama ýörite durup geçdi: «Şu geçen sekiz ýylyň käbir döwründe edilmeli işlerde ýa resurs kemçilik etdi ýa-da strategiýa ýetmezçilik etdi, indi men şol edilmedik işleri bitirmekçi» diýip, amerikan prezidenti aýtdy.

1-nji dekabrda telewideniýe arkaly etjek çykyşynda Obamanyň täze strategiýasyny yglan etmegine garaşylýar.

Geljek ýylyň başynda Owganystana goşmaça esger ibermek işini amerikan harby resmileri eýýäm tamamladylar. Geljek ýylyň fewral aýynda Owganystana 32 bilen 35 müň aralygynda goşmaça esger iberiljegini olar mälim edýärler. Owganystana goşmaça 10 müň esgeriň iberilmegine ýaranlyga agza döwletleriň çagyryljagyny NATO resmileri habar berdiler.
Owgan halkynyň iň soňunda öz howpsuzlygyny üpjün etmäge bar bolan ukybynyň ykrar edilmegi diýseň ähmiýetli.


Käbir maglumatlara görä, täze strategiýa – Owganystana goşmaça esegerleriň iberilmegi, bu ýurtda korrupsiýa garşy göreş, syýasy reformalar, Owganynstanyň howpsuzlyk güýçleriniň kämilleşdirilmegi hem-de ýardam programmalarynyň çuňlaşdyrylmagy bilen bagly bolar diýlip garaşylýar.

Obama we onuň kömekçileri heniz täze strategiýanyň jikme-jigini aýan etmediler, ýöne 25-nji noýabrda Ak tamda Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Sing bilen bilelikde geçiren metbugat konferensiýasynda prezident Obama täze strategiýanyň Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň ýurtda howpsuzlygy näderejede üpjün edip biljekdigine bagly bolup biler diýdi: «Owgan halkynyň iň soňunda öz howpsuzlygyny üpjün etmäge bar bolan ukybynyň ykrar edilmegi diýseň ähmiýetli, şoňa görä Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň gowy türgenleşmegi we onuň üçin gerek boljak enjamlary üpjün etmek üçin biz maslahat edýäris, tabşyryklaryň bitirilmegi biziň üçin gaty ähmiýetli, ol hemme taraplaýyn şol sanda graždan hem diplomatik tagallalary öz içine alýan strategiýa bolar».

Owganystan babatyndaky geljekki ädimleri tizleşdirmek hakynda tizara karar kabul etmeli diýlip, soňky aýlarda Obama respublikanlar hem käbir demokratlar tarapyndan tankyt edilýär. Käbir pikir soralyşyga görä bolsa, amerikan raýatlarynyň ýarysyndan köprägi Owganystana köpräk esger iberilmegine garşy.

Has oýlanyşykly strategiýa

Obma tiz, emma manysyz strategiýanyň ýerine has oýlanyşykly strategiýanyň kabul edilmelidigini aýdýar. Eger amerikan halky Owganystanda we Pakistanda ýaragly ekstremistleri dyza çökermegiň ähmiýetine düşünseler, onda bu ýurda goşmaça esger ibermek palanyny goldarlar diýip, Obama sözüne goşdy.

«Biziň stratgiýamyzyň hem-de milli howpsuzlygymyzyň nukdaýnazaryndan, Al-Kaýda we onuň ekstremist ýaranlarynyň sebitde täsirli iş alyp barmagynyň öňüni almak üçin strategiýany gowy taýýarlamaly. Biz terrorçylaryň ukybyny peseltmek, soňra-da olaryň ähli kerebini doly dargatmak ugrunda iş alyp barýarys, bu prosesde Owganystanyň durnuklylygy gaty ähmiýetli» diýp, Obama aýtdy.

Owganystandaky amerikan harby güýçleriniň ýokary derejeli komandiri general Stanley Mak Kristal täze hem-de uly möçberde esger iberilmedik ýagdaýynda Owganystandaky missiýanyň üstünlikli bolup bilmejekdigini duýdurdy we bu ýurda 40 müň çemesi goşmaça esgeriň ýollanmagyny sorady.
XS
SM
MD
LG