Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan baýdak baýramyny belleýär


Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň maglumatyna görä, Täjigistan 1991-nji ýylda Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny alandan soň şu gün ilkinji gezek baýdak baýramyny belleýär.

Bu baýramçylyk bilen baglanşykly göwrümi 90 meter töweregi bolan baýdagy göterip 300 töweregi student paýtagt Duşanbäniň merkezi meýdanynda ýöriş geçirdi.

Täjigistanyň prezidenti baýdak baýramyny bellemek baradaky kanuna geçen hepde gol goýupdy.

Türkmenistandan soňra bu yurt Merkezi Aziýada baýdak baýramyny belleýän ikinji yurt bolar.
XS
SM
MD
LG