Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AIDS keseli barada hasabat ýaýradyldy


24-nji noýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň AIDS-e garşy göreş boýunça edarasy Bütindünýä saglyk guramasy bilen bilelikde AIDS keseliniň dünýäde ýaýraýşy hakdaky soňky maglumatlary öz içine alýan hasabaty çap etdi.

Şol maglumatda soňky sekiz ýylyň içinde WIÇ infeksiýasyna täzeden ýolugýan adamlaryň sanynyň 17% azalandygy, ilata AIDS hem Wiç infeksiýasyna garşy dermanlaryň elýeterli edilmeginiň şeýle netijeleriň gazanylmagyna getirendigi aýdylýar.

Ýöne Gündogar Ýewropa hem Merkezi Aziýa regionlarda bu keseliň ýaýraýyş depgininiň henize çenli ýokarydygy bellenilýär. Ýagny 2008-nji ýyl boýunça berilýän maglumatlarda bu regionlarda WIÇ infeksiýasy ýokuşanlaryň sanynyň 2001-nji ýyldan bäri 66% ýokarlanyp, 1,5 million adama barabar bolandygy aýdylýar.

Gündogar Ýewropa hem Merkezi Aziýa regionlary dünýäde WIÇ infeksiýasynyň iň çalt depginde ýaýraýan ýeri bolup durýar.

Türkmenistanda resmi taýdan iki adam hasaba alyndy

Türkmenistanda, belli bolşy ýaly, resmi taýdan diňe iki adamda WIÇ infeksiýasy anyklandy. Olaryň biriniň AIDS keseli zerarly heläk bolandygyny türkmen resmileri habar berdiler. Emma Bütindünýä saglyk guramasy ýaly abraýly guramalar ýurtda neşekeşligiň giňden ýaýrandygyny aýdyp, bu sanlaryň ygtybarlylygyny sorag astynda goýýarlar.

Bu guramanyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda resmi taýdan hasaba alnan alty müň neşekeş bar. Emma Birleşen Milletler guramasynyň çaklamalaryna görä, Türkmenistanda neşekeşleriň hakyky sany 50 müň töweregi.

Belli bolşy ýaly, WIÇ infeksiýasynyň ýokuşmak howpy hut neşekeşlerde, tenini satmak bilen meşgullanýan aýallarda ýokary bolup durýar. Ýöne resmi Türkmenistanyň bu kesel baradaky maglumatlary, Nyýazowyň döwründäki ýaly, gizlin saklanylýandygyna garamazdan, ýurt başyna täze ýolbaşçy geleli bäri keseliň ýaýramagynyň öňüni almakda edilýän işler artdy diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar. Meselem, bu kesele ýolugandygyny güman edip, WIÇ infeksiýasy boýunça öz ganyny gizlin barlatmak üçin anonim otaga ýüzlenen 30 ýaşly bir türkmen raýaty ol ýerde kesel barada doly maglumat berip, ýakymly sözler bilen goldaw berýän spesialistlere duş bolandygyna geň galandygyny bize gürrüň berdi.

Gizlin barlag geçirilýän otagda işleýän spesialistlerden keseliň öňüni almak üçin görülmeli çäreler, bu keseliň geçişi, kesel ýokuşan halatynda edilmeli işler hakda hem doly maglumat alandygyny söhbetdeşimiz bize gürüň berdi. Şeýle-de WIÇ infeksiýasyny anonim barladyp bolýan otagda işleýän spesialistler söhbetdeşimize Türkmenistanda WIÇ infeksiýasyna duçar bolan adamlara berilýän antiretrowirus terapiýasynyň bir ýylda 10 müň dollara barabardygy, emma, muňa garamazdan, WIÇ infeksiýasy beterleşmez ýaly maşgala lukmanynyň üsti bilen witaminlerdir beýleki dermanlar bilen bejeriş kursuny alyp bolýandygyny aýdypdyrlar.

Merkez Aziýadaky ýagdaý

Merkezi Aziýa sebtinde ýerleşýän beýleki ýurtlar resmi taýdan bu kesele ýoluganlaryň sanyny aýan edýärler. Sebäbi kesel resmi taýdan boýun alnyp, kesellänleriň sany barada maglumat berlen halatynda halkara guramalary gymmatbaha antiretrowirus terapiýasyny hassalara mugtuna berip bilýärler.

Mysal üçin, goňşy Özbegistanda 14 müňe golaý adamda WIÇ infeksiýasynyň bardygyny halkara guramalary maglumat berýärler. Gyrgyzystanda iki müňden gowrak adamda, Täjigistanda 1700 adamda, Gazagystanda 10 müňden köp adamda WIÇ infeksiýasy tapylypdyr.

Emma bu keseliň bardygyny boýun almaklyk, kesel barada doly maglumatlary ilat köpçüligine ýetirip, propaganda işini ýöretmeklik diňe keseliň bejeriş usuly bilen bagly maliýe kynçylyklary çözmän, eýsem kesellänlere jemgyýetiň doly agzasy hökmünde ýaşamaga mümkinçilik döredýär. Muňa WIÇ infeksiýasy ýokuşanlar üçin niýetlenen ýörite hökümete degişli däl guramalar hem ýardam berýärler.

Meselem, Tajigistanda döredilen “Gyzyl gül” atly hökümete degişli däl gurama WIÇ infeksiýasyna duçar bolanlar üçin ýörite çäreleri geçirýär, bu gurama kesellänlere retrowirus terapiýasyny geçirmäge hem mümkinçilik döredýär.

Şu ýylyň dowamynda Täjigistanda WIÇ infeksiýasyna duçar bolan 3 adam maşgala gurdy. Olaryň biri radiomyzyň täjik gullugyna beren interwýusynda şeýle diýdi: "Meniň aýalym we onuň dogan-garyndaşlary mende WIÇ infeksiýasynyň bardygyny bilýärdiler. Şonuň üçin bu kesel zerarly garyndaşlarym bilen aramyzda hiç hili kynçylyk döremedi. Biz aýalym bilen biri-birimize aşyk bolup, öýlendik. Biz hakyky söýgüni başdan geçirdik."

Şu ýyl öýli-işikli bolan Täjigistanyň WIÇ infeksiýasyna ýolugan beýleki bir raýaty geljekde çagaly bolmak umydyny elden gidirmändigini aýdýar: "Meniň aýalymda bu kesel ýok. Şonuň üçin biz jynsy gatnaşyklar mahaly goranýarys. Geljekde çagaly bolarys diýip, umyt edýäris. Hudaýa şükür doktorlar hem çaga edinmek mümkinçiligimiziň bardygyny aýdýarlar. Munuň üçin barlagdan geçip, wirusyň derejesini anyklap, soňra çaga edinmek üçin, şol bir wagtda-da aýalyma bu kesel ýokaşmaz ýaly amatly pursat dörände, medisina işgärleri muny kesgitläp, maňa aýtmagy wada berdiler."

1996-njy ýylda bu kesele garşy täsirli terapiýa döredilenden soň, 3 milliona golaý adamyň ömri halas edilipdir. Häzir, BMG-niň berýän maglumatyna görä, dünýäde 33 million 400 müň adam AIDS keseline ýolugan. Bu kesel sebäpli heläk bolan adamlaryň sany bolsa 25 milliona bara-bar.
XS
SM
MD
LG