Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“25-nji noýabr” wakalary: tussaglaryň ykbaly näbelli


Türkmenistanyň öňki prezidenti S.Nyýazow.
Türkmenistanyň öňki prezidenti S.Nyýazow.

2002-nji ýylyň 25-nji noýbarynda bolup geçen we türkmen häkimiýetleri tarapyndan Türkmenistanyň öňki prezidenti S.Nyýazowyň janyna kast edişlik diýlip atlandyrylan wakalara ýedi ýyl doldy. Şol wakalar barada şu güne çenli anyk maglumat ýok. Ýüzlerçe tussag edilenleriň köpüsiniň ykbaly hem nämälimligine galýar.

2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakalary bilen baglanyşykly aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edilenleriň ýurduň iň ýapyk türmeleriniň biri Owadandepede saklaýanlygy Türkmenistandan gowuşýan dürli maglumatlarda aýdylýar.

Habar berlişine görä, türme şertleri örän agyr, berileýän iýmite, sanitariýa- gigiýena şertlerine degişli ýagdaý çakdanaşa ýaramaz. Türme işgärleriniň tussaglara gazaply daraýanlygy, dürli bahanalar bilen urup-ýençmekden daşgary, tussaglaryň saç-sakgallaryny gurulygyna syrmak ýaly rehimsizliklere sezewar edilýänligi aýdylýar.

Türkmenistandaky türme şertleri halkara guramalarynda uly aladalanma döredýän meseleleriň biri bolmagyna galýar. Açyk-aýdyň bolmadyk sud arkaly iş kesilen tussaglaryň ykbaly hem esasy problema bolup durýar. Halkara guramalary Türkmenistanyň häkimiýetlerinden syýasy tussaglar we wyždan ýesirleri diýlip atlandyrylýan şeýle tussaglaryň ykbaly barada habar berilmegini, açyk-aýdyň bolmadyk sud arkaly kesilen işlere gaýtadan garalmagyny, şeýle-de garaşsyz derňewleriniň geçirilmegini talap edip gelýärler.

Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetlerine edilýän ýüzlenmeleriň şu çaka çenli jogapsyz galýanlygyny “Amnesty International” guramasynyň Türkmenistan boýunça bilermeni Andrea Sprasse Kamani aýtdy: “Biz türkmen hökümetini halkara synçylaryny ýurda goýbermäge we olaryň bolup geçýän ýagdaýlara syn etmegine rugsat bermäge, halkara we ýerli synçylaryň gözegçilik edip bilmegi üçin türmeleri açmaga çagyryş bilen ýüzlenip gelýäris. Emma biziň çagyryşlarymyz jogapsyz galýar”.

Halkara jemgyýetçiligi türkmen türmelerine baryp görmek, tussaglaryň dogan-garyndaşlary bilen duşuşmak ýaly talaplaryny hem öňe sürýärler. Türkmenistan öz türmelerine halkara synçylarynyň baryp görmegine rugsat bermän gelýär. Türkmenistan Merkezi Aziýada hatda “Halkara gyzyl haç" we "Gyzyl ýarymaý” guramasyny öz türmelerine goýbermeýän ýeke-täk ýurt bolup durýar.

Türmelere name üçin synçy goýberilmeýär?

"Türkmenistanyň häkimiýetleriniň halkara synçylarynyň hatda ýurda barmagyna-da garşy bolmagy olaryň nämedir bir zatlary ýaşyrmaga çalyşýanlygy barada pikir döredýär" diýip, Andrea Sprasse Kamani belledi.

“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin türkmen türmelerine halkara gözegçileriniň goýberilmeýänligini syýasy sebäplere görä iş kesilen tussaglaryň ykbalynyň kesgitsizligi bilen baglanyşdyrdy: “Olar “Gyzyl haç” guramasynyň wekilleriniň 25-nji noýabr wakalary bilen bagly tussag edilenler we beýleki ady belli şahslar bilen duşurylmagyny talap etmeklerinden howatyrlanýarlar. Türkmen häkimiýetleri bolsa bir tarapdan şeýle tussaglaryň halkara guramalarynyň wekilleri bilen duşuşmagyny, başga bir tarapdan-da, tussaglaryň saklanýan şertleriniň halkara standartlaryndan örän tapawutlanýanlygyny köpçülige görkezmek islemeýärler”.

Häkimiýet başyna geçen ýylynyň tomsunda ABŞ-da eden çykyşynda prezident G.Berdimuhamedow 25-nji noýabr wakalary bilen bagly tussag edilenleriň ykbaly barada özüne berlen soraga jogap berip, “şeýle meseleler bilen meşgullanmaýanlygyny, emma olaryň diridigine ynanýanlygyny” mälim edipdi.

Türkmenistan şondan bäri 25-nji noýabr wakalary bilen bagly tussag edilenleriň meselesini resmi taýdan agzaman gelýär.

Tussaglaryň ykbaly

25-nji noýabr wakalary bilen bagly tussag edilenleriň ykbalynyň şu günki güne çenli nämälim galmagy olaryň diriligine-de şübhe döremegine sebäp bolýar.

Türkmenistanda öň ýylda bir gezek Gadyr gijesinde geçirilýän günä geçiş düzgüni tüssaglary ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn boşatmak düzgüni bilen çalşyryldy. 2007-nji ýylyň dowamynda türmeden dokuz müňden gowrak adam goýberilen bolsa, şu ýylyň dowamynda birnäçe tapgyrlaýyn geçirilen günä geçişlikde jemi dört müňden hem az adam boşadyldy.

Emma ýurtda günä geçiş düzgüniniň üýtgemeginiň syýasy tussaglaryň ykbalyna täsir ýetirmänligini “Grazdanskoýe Sodeýstwiýe” guramasyndan Irina Rýabinina belledi: “Türkmenistanda geçirilýän amnistiýalar esasan syýasy we garaşsyz hereketleri sebäpli tussag edilenlere degişli bolmaýar. Şonuň üçin türkmen häkimiýetleriniň häzirki wagtda halkara jemgyýetçiliginiň öňünde edýän çykyşlaryna men olaryň daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek maksatlaryna we bilelikdäki ykdysady proýektlerine gönükdirilen boş wadalar hem-de geosyýasat hökmünde garaýaryn” diýip, Irina Rýabinina aýtdy.

Şol bir wagtda-da 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakalary bilen bagly tussag edilenlerden käbiri türme möhleti dolup, tussaglykdan çykypdy. Munuň bolsa syýasy sebäplere görä tussag edilenleriň ykbaly bilen bagly belli bir derejede umyt döredýänligini synçylar belleýärler.
XS
SM
MD
LG