Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlaryň ilaty “Thanksgiving”, Sagbol aýtmak gününi belleýär


Birleşen Ştatlarda 400 ýyla golaý öň ýerli amerikanlar bilen bu ýere täze gelen ýewropaly immigrantlaryň bileleşip, toý toýlan güni baýram edilýär.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň baýramçylygyň öňüsyrasynda aýdyşy ýaly, “Thanksgiving”, Sagbol aýtmak güni adamyň öz eýe bolan gowulyklaryndan, maşgalasyndan, dostlaryndan, saglygyndan, maddy baýlyklaryndan minnetdar bolmalydygy barada oýlanmak, şeýle-de özünden kembagtlary ýatlamak üçin bir pursatdyr.

Prezident Obama baýramçylyk mynasybetli amerikan harbylaryna “Thanksgiving” gutlagyny ýollady.
XS
SM
MD
LG