Sepleriň elýeterliligi

Pikir soraşlyklar Putiniň, Medwedewiň goldawynyň kemelýändigini görkezýär


Orsýetde geçirilen jemgyetçilik pikir soraşlygy premýer ministr Wladimir Putiniň goldawçylarynyň barha azalýandygyny görkezýär.

Jemgyetçilik pikir fondunyň internet saýdynda ýerleşdirilen hepdelik görkezijilere görä, Putiniň işine jemgyetçilik ynanjy oktýabryň ortasynda 72 prosent bolanlygyndan noýabryň 22-sine 65 prosente düşdi. Bu martdan bäri iň pes görkezijidir.

Prezident Dmitriý Medwedewiň il içinde meşhurlyk derejesi oktýabrda 62 prosent bolanlygyndan 54 prosente düşdi.
XS
SM
MD
LG