Sepleriň elýeterliligi

Hukuk topary Gazagystanda reforma çagyrýar


Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän hukuk topary Gazagystan indiki ýyl Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna başlyk bolmazyndan öň bu ýurduň adam hukuklary ýagdaýyny ýokarlandyrmaga çagyrýan hasabat çap etdi.

Hýuman Raýts Wotç guramasynyň hasabaty ÝHHG-niň 1-2-nji dekabrda Afinada geçjek ýygnagynyň öňüsyrasynda çap edilýär. Bu Gazagystanyň OBSE-niň başlyklygyny almazyndan öňki soňky duşuşyk bolar.

Hasabatda Gazagystanda metbugatyň azat däldigi, adam hukuklaryny goraýan aktiwistleriň tussag edilýändigi we bu ýurduň ÝHHG-niň adam hukuklary ölçeglerine laýyk gelmeýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG