Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan dümew sebäpli Gazagystan bilen araçägini ýapýar


Özbegistan Gazagystan bilen araçägini ýapandygyny aýtdy. Özbek hökümetiniň beýanatynda möwsümleýin dümew sebäpli serhetde karantin yglan edilendigi aýdylýar.

Dünýä saglyk guramasy geçen annada Gazagystanda, Özbegistanda we Owganystanyň kä ýerlerinde dümewiň köpelendigini habar berdi.

Özbegistan şu wagta çenli doňuz dümewi bilen kesellän hiç bir adamy hasaba almandygyny aýdýar. Gazagystanda bu kesel bilen 17 adamyň keselländigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG